15.04.2024
2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Berlin şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly iki kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.