Habarlar 1 ýanwar 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly tamamlanyp barýar. Biz il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylan 2016-njy ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy täze belentliklere çykarjak 2017-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen halkynyň täze ýyl arzuwlary ruhubelentlige we ynama beslenýär

Saglyk — munuň özi şahsy babatda bolşy ýaly, durmuş-ykdysady we ählumumy ulgamdaky köpugurly gymmatlyk bolup durýar. Bu bolsa şahsy we jemgyýetçilik ösüşiň möhüm serişdesidir. Beýik maksatlar bilen ruhlanyp, öz ykbalymyzy berkarar edýäris. Durmuş ýolumyzy berkidýäris. Onuň bagtly, abadan bolmagyny görmek isleýäris. Her pursatda batyrgaý çözgütleri hem-de ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen uly üstünlikleri gazanýarys we belent sepgitleri eýeleýäris. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys.

Aziada 2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly — beýik maksatlara tarap

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

2017-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly ýyl bolar, ozaly bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler, olara taýýarlyk görmek güýçli depginde dowam edýär. Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär, onuň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysy bellige alyndy, şu günler olar milli telewideniýe boýunça we merkezi metbugatda maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Ýakyn wagtda saýlawçylar bilen duşuşyklar başlanar. 12-nji fewralda bolsa her bir türkmenistanly geljegiň öňünde ähli jogapkärçiligi bilen öz erk-islegini beýan edip, eziz Watanymyzyň we tutuş halkyň geljekki ykbaly üçin umyt baglaýan adamy üçin öz sesini berer.

Teswirlemeler

Hepdäniň wakalary: halkymyzyň döredijilikli zähmeti — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Geçen ýylyň jemleri ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadamynyň nobatdaky pursatlarynda täze ýeňişler üçin pugta binýady döretdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň 26-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde beýan eden deslapky makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi äşgär duýulýar. 2016-njy ýylda onuň ösüş depgininiň 6,2 göterim bolmagyna garaşylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçen ýylda bellenilen meýilnamalaryň hemmesi diýen ýaly ýerine ýetirildi, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi, şeýle hem indiki ýyl üçin oýlanyşykly Döwlet býujeti kabul edildi. Ilatymyz üçin ...

Jemgyýet

Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi, Süleýman ÇARYÝEWIŇ suraty

Elbetde, her gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp çaga dogulýar. Ýöne Täze ýyl gijesi dogulmak çaga hem-de onuň maşgalasy üçin aýratyn mana eýedir. Çünki biziň köpimiz üçin 1-nji ýanwar — bu täze ýylyň başlanýan günüdir, kimdir biri üçin bolsa – bu täze durmuşyň başlanýan döwrüdir.

Ykdysadýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen jemi 3 million 540 müň manatlyk gaty gurluşyk nebit bitumyny, tehniki kükürdi, azyklyk bugdaýy satyn aldylar.