Habarlar 10 ýanwar 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki türgenleşikleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ilkinji günlerine gabat gelýändiginiň aýratyn manysy bar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek halkara sport baýramçylygy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 250 günüň hasaby başlandy. Bu şanly waka halkara ýaryşlar mynasybetli yglan edilen atly ýörişiň Lebap welaýatynyň çägindäki birinji gününe gabat geldi. Ol ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almak bilen, Aziada — 2017-niň açylyş gününde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar.

Ykdysadýet

Ýakyn wagtda Türkmenistan her ýyl bir million tonnadan gowrak ýokary hilli kaliý dökünlerini daşary ýurtlara iberer

Wladimir KOMAROW,
surata düşüren awtor

Mart aýynyň ahyrynda dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda senagat meýdançasynda esasy we kömekçi bölümleri--magdan baýlaşdyryjy fabrigi, magdan we taýýar önümler ammaryny, gazylyp alynýan baýlyklary çykaryjy toplumy we beýleki desgalary işe girizmäge taýýarlyk görülýär.

Teswirlemeler

6.Ylym we bilim ulgamy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri — täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Aziada 2017

Aziadanyň hormatyna atly ýöriş ýoluň ýarysyny geçdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ine, atly ýöriş öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we Daşoguz sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Lebap welaýatyna geldi. Bu wakanyň öňüsyrasynda Gazojak şäheriniň häkimliginde atly ýörişiň geçen ýoly mynasybetli maslahat geçirildi. Ýygnananlar Aşgabatda yklym derejesindäki iri sport ýaryşyny — Aziada — 2017-ni geçirmek başlangyjyny öňe süren döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Jemgyýet

Bütin ýurdumyz maşka çykýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

17 atlynyň gatnaşmagynda ahalteke bedewlerinde Döwlet baýdagy, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşany bilen tutuş ýurdumyzyň çäginden geçýän 500 günlük atly ýörişiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralandygyny ýatladýarys. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň geçen ýylyň fewral aýyndaky mejlisinde öňe sürdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjek 2017-nji ýylyň şanly wakasy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň — halkara sport baýramynyň barha golaýlaşýandygyny alamatlandyrýan bu waka bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligiň we agzybirligiň belent duýgusyny terbiýeleýär. Şoňa görä-de, aýratyn möhüm ähmiýetli ...