Habarlar 3 ýanwar 2017

2017 Выборы Президента Туркменистана

Şu ýylky saýlawlar 2007 we 2012-nji ýyllaryň Prezident saýlawlaryndan düýpli tapawutlanýar

Irina YMAMGULYÝEWA

Saýlaw kodeksine laýyklykda dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparyna degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylň awgust aýynda , Agrar partiýa 2014-nji ýylyň senrýabr aýynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýaşulylar geňeşiniň mejlisinde şu partiýalaryň bäsleşiginiň ýurduň syýasy durmuşyna täze röwüş berjekdigini, giň bäsdeşligi üpjün etjekdigini hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam etjekgini, halkyň we häkimiýetiň jebisligini berkitjekdigini, demokratik düzümleri jebisleşdirjekdigini ...

Medeniýet

Puşkin adyndaky drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Kinniwanjanyň başdan geçirenleri» oýny ýaşajyk aşgabatlylra täze ýyl sowgady boldy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Dmitriý GORŞKOW

Oýny goýanlar Gans Hristian Anderseniň belli ertekisini birneme üýtgedip, oňa öwüt-ündew äheň beripdirler. Anderseniň ertekisinde Kinniwanja doňan Garlawaja ideg-yssywat edip, aýaga galdyrýar, olam öz gezeginde gyzjagaza Körsyçanyň ýerzemininden gaçmaga kömek edýär.

Ykdysadýet

Türkmenistanda kösükli ekinler şaly, galla we gowaça ekilende ekin dolanşygynda giňden ulanylýar

Enejan DIDAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy

Olary şeýle hem güýzlik ekinlerden öň mallara ot-iým hökmünde hem ekýärler. Bir gektar ýere 30 kg arpa tohumy sepilýän bolsa, nohudyň tohumy üç esse köp ekilýär. Olaryň palajy we samany ot-iýmlik garyndylaryň möhüm bölegidir, çünki olarda beloklar galla ekinlerimdäkiden has kändir, şeýle hem olarda şeker, karotin, B, PP, C witaminler toplumy bardyr. Şeýle kösükli ösümlikleriň galla ekinlerinden öň ekilmegi mallar üçin gymmatly iýmleri kör möçberde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Sport

Türkmen hokkeýçileri gyşky Aziada taýýarlanýarlar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Häzirki ýygnanyşyklar türkmenistanlylar üçin indiki aýda Sapporo şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek VIII Aziýa gyşky oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şol ýaryşlarda biziň hokkeýçilerimiz ilkinji gezek çykyş ederler.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň maksatnamasy

Halkymyz taryh üçin örän gysga döwürde özüniň döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ägirt uly ähmiýetli üstünlikleri gazandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistan beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny berkidip, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasyna öwrüldi.

Teswirlemeler

4. Nebitgaz toplumy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýurdumyzyň giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanan üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly täzeçil syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlaryny düýpli özgertmeler gurşap aldy. Bu babatda 2016-njy ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy — türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň depginleri saklanyp galdy, önümleriň ähli görnüşleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberleri yzygiderli artdy, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi. Şu synymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy bilen ...