Habarlar 6 ýanwar 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy. Gelip gowşan teklipleriň seljerilmegi netijesinde, desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmaga degişli bolan ...

Jemgyýet

Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde döredilen oba ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär

Uzynlygy 11 kilometr bolan suw geçirijiniň gurluşygyny “Asly berk” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Häzirki güne çenli obada geçirijileriň çekilmegi tamamlandy, suw gatlalarynyň gurlyşygynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Geljekki suw sorujy bekediniň ýerleşen ýerine uzynlygy üç kilometrden gowrak bolan täze elektrik geçiriji çekildi.

Medeniýet

Türkmen döwlet sirkiniň täze ýyl maksatnamasynda zehinli toparyň artistleriniň iň gowy çykyşlary görkezilýär

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Dmitriý GORŞKOW

Täze ýyl çykyşlary Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmeginde halanýan multfilmlerden sazlardan bölekler bilen başlandy. Şol wagtam sirk arenasyna maýmynjyk bilen towuk gelýär. Masgarabaz Pena Myradurdyýew olaryň dawasyny çözýär: maýmynjyga ýylyň nyşany bolmak şeýle bir ýarapdyr weli, onuň ornuny towuga beresi gelmeýär. Tomaşaçylaryň çakylygyna seslenip Aýaz baba bilen Garpamygam peýda bolýarlar we 2017-nji ýylyň nyşany bolmak hukugyny towuga berýärler.

Hyzmatdaşlyk

HHR-nyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun: Hytaý Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazananlaryna ýokary baha berýär

Irina YMAMGULYÝEWA

- 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Hytaý bilen Türkmenistan bilelikdäki ähtnama gol çekdiler we diplomatik gatnaşyklary ýola goýdylar. 25 ýylyň dowamynda deňhukuklylyk we özara peýda ýörelgelerine eýerýän türkmen-hytaý gatnaşyklary täze mazmuna eýe boldy. Soňky ýyllarda Hytaý bilen Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýdylar, Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekip, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini üpjün etdiler. Men ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini görkezýän anyk mysallar getirmekçi.Uzynlygy 1800 kilometr bolan Türkmenistan- Hytaý gaz geçirijisi dünýäde iri serhetüsti gaz geçirijisidir. 2009-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaý 160 milliard türkmen gazyny aldy we ony iň köp alýan ýurt boldy. ...

Jemgyýet

Bäş müňe golaý mekdep okuwçylary ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler

Mundan başga-da, welaýatlardaky çagalar sagaldyş merkezleriniň bäşisinde häzir oglan-gyzlaryň 1360-sy dynç alýar.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär Durdygylyç Orazowyň maksatnamasy

Türkmen halkynyň ýadawsyz döredijilikli zähmeti netijesinde, gysga döwürde eziz Watanymyz ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy, onuň halkara abraýy has-da ýokarlandy.