Habarlar 9 ýanwar 2017

Jemgyýet

Ajaýyp wakanyň hormatyna dabaraly çäreler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Gadymy döwürlerden bäri türkmenler Watan goragçylarynyň söweşjeň başarnyklaryna uly ähmiýet beripdirler. Häzirki eýýamda edermen we gaýduwsyz serkerdeler bolan batyrgaý ata-babalarymyzyň däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz Türkmenistan döwlet Baştutanymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň ähli düzgünlerine yzygiderli eýerýär, howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de goşunyň ýokary goranyş ukyplylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamany elmydama berjaý edýär. Goşun bolsa parahatçylygyň we asudalygyň, diýmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we onuň raýatlarynyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň howpsuzlygyny we asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, täze, 2017-nji ýyl üçin esasy çäreler we wezipeler kesgitlenildi.