Habarlar 14 october 2017

Hyzmatdaşlyk

DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça maslahat geçirildi

HGI-de geçirilen duşuşykda Merkezi, Günorta we Günorta- Günbatar Aziýa ýurtlarynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräni Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Strategiki barlaglar merkezi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we ÝeHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurady.

Hyzmatdaşlyk

Halkara bilermeni Dinara Minnigulowa Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine umumy okuwlar tapgyryny okatdy

Hajymyrat PIRMUHAMEDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy

Halkara bilermeniň saparynyň esasy maksady- korrupsiýa garşy durmak boýunça bar bolan okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge we täze okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etmekdir.

Ylym

HYYweÖU-niň we HGI-niň talyplary ýaşlary alyşmak MIRAI-2017 ýapon maksatnamasyna gatnaşdylar

Arslan KEMALOW

Maksatnama gatnaşýanlar üçin Tokionuň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Keýo Uniwersitetinde umumy okuwlar we seminarlar gurnaldy. Sapaklaryň mowzugy Ýaponiýanyň taryhy we häzirki ösüşiniň ugurlary, onuň medeniýeti we daşary syýasaty, şeýle hem medeniýetara we halkara gatnaşyklarynyň ugry bilen tanyşdyrmagy öz içine alýardy. Dürli ýurtlaryň ýaşlary ýapon talyplarynyň gatnaşmagynda pikir alyşmalar görnüşinde alan bilimleri we täsirleri barada söhbetdeş boldular.

Hyzmatdaşlyk

ÝeHHG-nyň bilermenleri offşorlaryň üsti bilen jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejini kanunlaşdyrmaga garşy durmak boýunça okuw geçdiler

Okuw-türgenleşigiň çäklerinde aýratyn salgyt düzgünli ýerlerde we ýurisdiksiýalarda hasaba alnan kompaniýalary barlamak üçin, şeýle hem maliýe jenaýatlarynyň, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejiniň kanunlaşdyrylmagynyň, kezzaplygyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň öňüni almak maksady bilen ulanylýan halkara-hukuk düzgünlerine, ölçeglerine we gurallaryna garaldy. Bilermenler bu ulgamdaky halkara ölçeglerini we öňdebaryjy tejribäni beýan etdiler.

Ykdysadýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda gaýtadan işlenen pagta önümleri agdyklyk etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Latwiýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen flanel matasyny, ýüplügi we nah matanyň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 930 müň dollaryndan gowrak boldy.