Habarlar 2 october 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz Russiýanyň Baştutanyna duz-çörek hödür etdiler hem-de gül desselerini gowşurdylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iş maslahatynyň barşynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler

Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg ş.) arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk;

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen-russiýa ylalaşyklarynyň toplumyna gol çekildi

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň gatnaşmagynda: Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen “Orýol şäheri” munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Ylalaşyga;

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Russiýanyň Prezidentiniň sapary mundan beýläk bilelikde işlemek üçin anyk ugurlary salgy berdi

Biziň ýurdumyzda köpmilletli rus medeniýetini, edebiýatyny, dilini bilýärler we söýýärler, olaryň wagyz edilmegine we ösdürilmegine döwlet derejesinde ýardam berilýär diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen bilelikdäki gepleşiklerde belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Paýtagtymyzda türkmen-russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellendi

Taraplar onuň yzygiderli we durnukly häsiýetini belledi. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, emele gelen çylşyrymlylyga garamazdan, Russiýa Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Milli Liderimiz Hazar deňziniň derejesi baradaky Konwensiýanyň kabul ediljekdigine umyt bildirdi

Bu ugurda, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp işler bitirildi. Hazar deňziniň derejesi baradaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlenilmegi tamamlanyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň nobatdaky V maslahatynda oňa gol çekiljekdigine umyt bildirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky syýasy, ykdysady, ynsanperwer bähbitlerine hormat goýmak we düşünmek bilen garaýar, Russiýanyň sebitdäki ýagdaýlary ösdürmäge bolan çemeleşmelerine durnuklaşdyryjy, oňa sazlaşyklylyk berýän ýagdaý hökmünde garaýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Lideriniň häzirki saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi

Russiýanyň Prezidentiniň şu saparyna Türkmenistanda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň hem-de olary hil taýdan baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Aşgabatda ikiçäk görnüşde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki dostlukly döwletiň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-niň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanyndan gaýdýan haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.