Habarlar 4 october 2017

Teswirlemeler

2017-nji ýylyň sentýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlary durmuşa geçirilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guralan şunuň ýaly ýokary derejeli bäsleşikler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende göterdi. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň görlüp-eşidilmedik üstünliklere beslenmegi, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetli waka bolup, hormatly Prezidentimiziň döwlet ösüş hem-de daşary syýasat strategiýasynyň milli bähbitleriň we ählumumy durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşykly deňagramlylygynyň nusgasy bolup durýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki ýurduň Liderleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Bu gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy kökleri bardyr hem-de mäkäm dostlukly gatnaşyklara we ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanandyr.