Habarlar 7 october 2017

Medeniýet

Ýaş zergär Aýjemal Çaryýewanyň şaý-sepleri hünärmenleriň we şaý-sepleriň gadyryny bilýänleriň ünsüni özüne çekýär

Zinýat GAFFARI

Ýurdumyzda zergärçilik sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Döwlet baştutany asyrlarboýy dowam edip gelýän ýörelgelere eýerip, öz döredýän işlerinde halk döredijiliginiň taryhyny, onuň hakydasyny we belent ruhuny açyp görkezýän ussatlaryň zähmetine ýokary baha berýär. Çünki zergärlik –türkmen medeniýetiniň has gadymy ozboluşly nusgasydyr, onda çeperçiligiň ajaýyp gözelligi we bezegi inçelik bilen duýmak, çeperçilige garaýşyň milli aýratynlygy we halkymyzyň döredilik pikirlenişi has aýdyň ýüze çykypdyr.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärlerine hormatly atlary dakdy

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady: