Habarlar 9 october 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my esas­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, hal­ky­my­zyň pe­der­le­ri­mi­ziň paý­has­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne we kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan de­mok­ra­tik esas­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ýa­şu­lu­la­ryň, ak gy­ňaç­ly ene­le­riň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak türk­men hal­ky­nyň asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da­ky çykyşy (Ahal we­la­ýa­ty, 2017-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ry)

Il­kin­ji no­bat­da, men si­zi Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Şu mas­la­ha­ta gat­naş­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ga­dyr­ly myh­man­lar we mäh­ri­ban adam­lar, si­ziň äh­li­ňi­ze min­net­dar­lyk bil­dir­mek we iň go­wy ar­zuw­la­ry­my be­ýan et­mek is­le­ýä­rin.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýyg­na­nan­lar öz çy­kyş­la­ryn­da şu gün döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Umu­my­mil­li fo­ru­myň işi­niň bar­şyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de has ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne, oňyn dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Jemgyýet

Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Žur­na­lyň tä­ze sa­ny sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar, şol oýun­la­ra türk­men es­ger­le­ri gat­na­şyp, dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň en­çe­me­si­ne my­na­syp bol­du­lar. Mu­nuň özi bi­ziň eder­men Wa­tan go­rag­çy­la­ry­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ba­şar­ny­ga eýe­dik­le­ri­ne no­bat­da­ky ge­zek şa­ýat­lyk et­di. Ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ber­ýän uly ün­si ne­ti­je­sin­de do­ly açyl­ýar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine,deňizçi harby talyplaryna we deňizçi harby okuwçylaryna gutlag iberdi

Watanymyzyň deňiz çäklerinde harby borjy ýerine ýetirýän harby deňizçilere jogapkärli borç ynanylandyr. Siz borjuňyzy Watanymyza wepalylyk we harby kasama ygrarlylyk bilen ýerine ýetirip, merdana pederlerimiziň işlerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Ata-babalarymyzdan miras galan harby deňizçilik sungatyny üstünliki ösdürmek Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň we esgerleriniň mukaddes borjudyr. Siziň şol wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize, deňiz serhedimizi ygtybarly gorajakdygyňyza berk ynanýaryn-diýlip gutlagda bellenilýär.

Hyzmatdaşlyk

AHEHG-ynyň Ýerine ýetitiji komiteti işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Serdar EÝEBERENOW, Arslan REJEBOW, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti

Gaznanyň düzüminde Ýerine ýetiriji Komitet işleýär, onuň hatarynda gaznany dörediji döwletleriň hersinden iki adam işleýär, bäş döwletiň baştutanlarynyň razylygy bilen AHEHG-nyň prezidentiniň belleýän başlygy oňa ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem onuň düzüminde özbaşdak iş edaralarynyň ikisi: Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk topary (DUSHT) we Durnukly ösüş boýunça döwletara topary (DÖDT) hereket edýär. DUSHT Amyderýanyň we Syrderýanyň suwuny bölmek we howdanlaryň iş düzgünini ylalaşmak, şeýle hem hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin döredildi. DÖDT-iň esasy wezipesi daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda sebit hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakdyr. AHEHG-nyň prezidentiniň ...