Habarlar 11 november 2017

Sport

Azat Nurmämmedow – ýaş küştçüleriň Mihail Botwinnik adyndaky kubogynyň kümüş baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mekdep 35 ýyl öň esaslandyryldy, ýöne hut soňky iki ýylda türkmen küştçüleri ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolmagyň hötdesinden geldiler. Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky bäsleşikde Saparmyrat Atabaýew şeýle derejäni gazandy, dünýäniň iki gezek çempiony diýen ada Bägül Ezizowa, ilki bilen 7 ýaşa çenli, soňra 9 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda mynasyp boldy.

Jemgyýet

Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär

Batyr ÖRÄÝEW

Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli we aýawly peýdalanmak- döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Suw üpjünçiligi, ekin dolanşygyny oňaýlaşdyrmak, ekin meýdanlarynyň meliorasiýasy, şorlaşan ýerleri dikeltmek, zeýkeşleri kadaly ýagdaýda saklamak meselelerini çözmeklige ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan ekologiýa meselelerini çözmek boýunça iri möçberli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ylym

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda AST-daky özgertmere bagyşlanan ylmy duşuşyklaryň tapgyry geçirildi

Ýelena DOLGOWA

Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda Demokratik partiýanyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ylmy maslahatda bu ulgamdaky uly möçberli özgertmeleriň durmuş ugurlary, ýerde hojalyk işini ýöretmäge jogapkärli çemeleşmegi terbiýelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysadýet

DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 68,5 million dollaryna barabar boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-den, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri nah ýüplük buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 68 million 421 müň dollaryndan gowrak boldy.

Medeniýet

Aşgabatlylar we daşoguzlylar özbek medeniýetiniň dürli öwüşginleri bilen tanyşarlar

Döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasyny Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirmek göz öňünde tutulýar.