Habarlar 12 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanlylar Hasyl baýramyny giňden bellediler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Esasy çäreler Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde toýuň gahrymanlaryny- ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki hünärmenleri mähirli mübäreklediler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Hasyl toýy bilen gutlady

Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde Türkmenistanda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlarymyz şu ýyl pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdiler. «Ak altyn» ussatlarymyzyň geljekde mundan hem ýokary sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn-diýlip, gutlagda bellenilýär.