Habarlar 15 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslendirmäge we ösdürmäge, sebitde bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşma öwrüldi.

Wakalaryň jümmüşinde

Milli Liderimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz topluma gelip, uzakda bolmadyk ýerde gezip ýören türkmen alabaýyna üns berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde Wepaly diýlip atlandyrylan alabaýyň keşbiniň seçilip alynmagynda aýratyn many bar. Alabaý halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp, milletiň, maşgala ojagynyň, abadançylygynyň goragçysy bolup hyzmat edýär. Ol özüniň wepadarlygy we batyrlygy bilen ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly bolup, dünýä ýüzünde beýik şöhrata eýe boldy. Alabaýlar aýratyn-da, adamlara ýakyn durmakda gaýduwsyzlykda, batyrlykda ýokary nusgalyk derejä göterilendir. Alabaýyň şeýle gymmatlyklaryň hatarynda bolmagy we onuň adalatly we aýgytly hereket etmäge ukyby, garşydaşy ...

Medeniýet

Özbegistanyň Medeniýeti günleri goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynyň has-da ösjekdigine şaýatlyk etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki döwletiň Baştutanlarynyň – Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň başyny başlaýan giň gerimli çäresi özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösmegine nobatdaky möhüm goşant bolup durýar. Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, medeni gymmatlyklary alyşmak, milli mirasy öwrenmek we aýawly saklamak, ony giňden wagyz etmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etdi.

Sport

Gülbadam Babamuratowa – sambo boýunça 52 kg çenli agramda dünýä çempiony

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezen türgen gyzymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň tälimçileri hem-de esasy türgenleri, hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary dünýä derejeli ýokary gazanylanlar sportunda Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden G.Babamyratowany mähirli gutladylar.

Hyzmatdaşlyk

HHR-da bilim alýan türkmen talyplary “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap bilen tanyşarlar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Pekiniň nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň Geňeşi bilen bilelikde guralan çärä hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýerli habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem gatnaşdylar.

Medeniýet

Özbegistanly fotosuratçylar aşgabatlylary öz Watanynyň dürli röwüşli däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar

Tamara GLAZUNOWA

Dürli ugurly fotosergi bu güneşli we myhmansöýer ülke bilen tanyşlyga çagyrýar. Rustam Şaripoň, Abdulani Jumaýew, Rustam Şagaýew, Wladimir Gonçarenko we beýleki özbek fotosuratçylary häzirki üstünlikleriň taryhy we depgini, dürli röwüşli duýgylar, köp görnüşli däp-dessurlar, dogduk Diýaryň özboluşly tebigaty we ýuruduň esasy baýlygy bolan dogduk ilini söýüp, onuň üstünliklerine goşant goşýan dürli ýaşdaky we hünärli, göwnaçyk we myhmansöýer, zähmetkeş we zehinli adamlary barada fotosuratlar arkaly gürrüň berýärler.