Habarlar 16 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň Prezidentiniň tehnologiýa we infrastruktura meseleleri boýunça baş geňeşçisini kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Owganystanyň Prezidenti Mohammd Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Owganystanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-de berkidýän dostluk we doganlyk hyzmatdaşlygyna uly sarpa goýulýar.

Jemgyýet

Türkmenabatda „Amyderýa güni“ bellenildi

Ýelena DOLGOWA

Welaýat bilim müdirligi we Türkmenabat şäher häkimligi şäheriň mekdepleriniň 3-10-njy synp okuwçylarynyň arasynda suratlar bäsleşigini geçirdiler. Çäräniň guramaçylarynyň we hatarynda Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Demokratik partiýanyň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat muzeýiniň we çagalar çeperçilik mekdebiniň wekilleri bolan emin agzalarynyň aýtmagyna görä, gelip gowşan işler gaty kändi. Gowy işleri üç tapgyrda saýlamaly boldy. Netijede iň gowylar diýlip 46 surat saýlanyldy, olaryň hersi ýeňijilige mynasypdy. Çagalaryň işlerinde Amyderýa zähmetkeş we durmuş çeşmesi bolan derýa gökmünde şekillendirilipdir. Ýaş we tematiki toparlara laýyklykda birinji, ikinji we üçünji orunlaryň sekizisi, şeýle hem ...

Jemgyýet

Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Umuman, 2018-2024-nji ýyllar üçin täze maksatnamada ýurdumyzyň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki wagtda dünýäniň derwaýys maglumatlarynyň ägirt uly möçberlerini işjeň özleşdirmezden, maglumatlary dessin alyşmazdan mümkin däldir. Bir söz bilen aýdylanda, XXI asyryň ösüşi aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr.

Sport

Her ýyl geçirilýän milli Uniwersiada we Spartakiada badalga berildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dabaraly çärä ýokary okuw mekdepleriniň professor – mugallymlary, talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň belli türgenleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk

UNFPA “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşy bilen tanyşdyrdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Çykyşda 2030-njy ýylyň Ählumumy gün tertibine laýyklykda saglygy we zenanlaryň hukugyny goramak meselelerine aýratyn üns berildi. Ol “hiç kim unudylmaly däldir” diýen ýörelgäni esasy ugur edinýär.