Habarlar 2 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan – Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiziň bu sapary dostlugyň berk binýadyna hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazar. Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistanyň doly möçberli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu hyzmatdaşlyk özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda halkara nebitgaz forumy açyldy

OGT — 2017 forumy dünýä işewürlik senenamasynda berk orun eýeläp, uly abraýa mynasyp boldy, onuň giň wekilçilikliligi Türkmenistanyň hem-de onuň mümkinçilikleriniň uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär, gatnaşyklara özara ymtylmalary görkezýär, bu bolsa işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, maýa goýumlary üçin geljegi uly ugurlaryň gözlenilmegi üçin möhüm şert bolup durýar. Biziň ýurdumyz bolsa esasan-da häzirki wagtda, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýe bolan döwründe hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz halkara nebitgaz maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi

Turkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýa eýe bolmak bilen, onuň berýän mümkinçilikleriniň milli bähbitler bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem hyzmat etmegini gazanmagy esasy wezipe edip goýýar. Biziň ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Soňky döwürde bu serişdeleri gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere dumukly we ygtybarly ýetirmek babatda köp işler amala aşyryldy. Gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär.