Habarlar 20 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bitraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Bu bolsa, biziň üçin uly abraý we şol bir wagtyň özünde hem Milletler Bileleşiginiň öňünde uly jogapkärçilikdir. Biziň ýurdumyz Bitarap döwletiň wezipesini abraý bilen ýerine ýetirýär. Munuň özi Garaşsyz döwletimize ägirt uly ynam we hormat getirýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Iş maslahatynda welaýatlarymyzy we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyna seredildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede geçirmek, şanly seneler mynasybetli çäreleri guramak, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Ykdysadýet

Balkan welaýatynda innowasion senagat klasteri kemala gelýär

Mihail BOBKIN

Olaryň arasynda önümi üstaşyr daşamak üçin deňiz portly suwuklandyrylan uglewodorodlary saklamak we ugratmak üçin deňiz terminaly bar. Innowasion gaztehnologiýaly bu desga öňdebaryjy tehnologiýalar, gaz saklanylýan we önümçilik infrastrukturasynyň beýleki binalaryny kompýuter arkaly dolandyrmak usuly ulanylyp bina edildi. Terminal birbada 3000 tonna ýokary hilli harytlyk gazy kabul etmäge we ýylda onuň 200 müň tonnasyny sarp edijilere ibermäge niýetlenendir.

Jemgyýet

Aşgabatda galyndylary dolandyrmak ulgamynda halkara tejribesi we milli usullar ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýelena DOLGOWA

Maslahatyň barşynda galyndylary dolandyrmak we dürli taşlandylary düzgünleşdirmek ulgamynda dünýä tejribesi barada çykyşlar boldy. Merkezi Aziýa sebitinde galyndylary dolandyrmaga çaklamalar aýdyldy, strategiki resminamalary işlemek boýunça maslahatlar berildi, milli strategiýalary we hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça öňdebaryjy işler hödürlenildi.

Sport

Göreji boýunça maýyplaryň arasynda küşt we halkara şaşkasy boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy

Ysmaýyl IBRAGIMOW

Güýçleriň intellektual bäsleşikleri çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň aýgytlaýjy döwleriniň netijesinde Daşoguz welaýatynyň topary (tälimçisi Kuwwatguly Taganow) ynamly ýeňiş gazandy. Demirgazyk sebitiň güýçli küştçileri sport ussatlygyna dalaşgär Mergen Muhaýew, şeýle hem zehinli türgenler Mahym Taganowa, Abdylla Abdyllaýew, Ýoldaşbaý Täjiýew oýnuň taktikasyny we strategiýasyny gowy bilýändiklerini subut etdiler. 8 utuk toplan aşgabatly küştçüler ikinji, Mary welaýatynyň topary üçünji orny eýelediler.