Habarlar 21 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

...Ir bilen milli Liderimiziň dikuçary ýurdumyzyň serhet gullugyna degişli Köpetdagyň etegindäki serhet galalarynyň birinden uzakda bolmadyk ýerdäki meýdança gelip gondy.

Ykdysadýet

Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugradylýan ýokary oktanly benzin çykarmak ýola goýuldy

Wladimir KOMAROW

Ýurduň senagatynyň güýçli depginde ösmegi, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy we ýurtda awtomobilleriň köpelmegi awtomobil ýangyjynyň önümçiliginiň artdyrylmagyny talap etdi. Şu maksat bilenem Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynyň durky täzelendi. Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasynyň hünärmenleri könelen tehnologik enjamlary çalyşdylar, şeýle hem enjama goşmaça hilini ekstrasion benzin derejesine ýetirýän göni saplaynýan ýeňil benzini dearomatizirleýän blok goýdylar. Häzirki wagtda Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylýan A-92 belgili awtomobil benzini we dizel ýangyjy daşary ýurtlara iberilýär.