Habarlar 1 december 2017

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine Nursähet Nurmuhammedowiç Şirimowy belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Hökümetiň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Maliýe-bank ulgamyna degişli edaralaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Sport

Türkmen taekwondoçylarynyň üstünligi

Bu däp bolan ýaryş başa-baş söweşleriň Olimpiýa oýunlaryna girmeýän görnüşlerini birleşdirip, ahyrky netijede olary Olimpiýa görnüşleriniň derejesine ýakynlaşdyrmak üçin halkara derejesinde öz mümkinçiliklerini barlamaga ýagdaý döredýär.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Medeniýet

5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergileri guralar hem-de beýleki çäreler geçiriler.

Sport

Kristina Şermetowa - agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medalyň eýesi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Däp bolşy ýaly, türgenleriň arasynda ilki ştangany çekip galdyrmak boýunça bäsleşik boldy. Şunda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekili 91 kilorgam netije bilen üçünji orny eýeledi, biziň türgenimizden Rio-2016-nyň olimpiýa çempionlary Sopita Tanasan (Tailand), Sýuý Şuszin (Hytaý Taýbeýi) üstün çykdylar.

Hyzmatdaşlyk

Özbegistanlylar „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitap bilen tanyşýarlar

Çärä Özbegistan Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.