Habarlar 12 december 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Asylly däbe görä, baýramçylyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.

Wakalaryň jümmüşinde

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetgärligiň işjeň ösmegine itergi beripdir

Ruslan MYRADOW

Halkara söwdasynyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiýadan häzirki ahal-teke atlarynyň gözbaşy bolan owadan hem ýel deý ýüwrük bedewleri, şeýle hem olaryň iýmini-ýorunja äkidipdirler. Hytaýlylaryň islegli harytlarynyň ýene biri-de üzüm eken. Gadymy Gresiýada, Ortaýer deňzi, Kawkaz ýurtlarynda, şol sanda Parfiýany hem alanyňda ellinleşen Gündogarda üzümçiligiň we şerap ýasamaklygyň kökleriniň ir zamanlardan gaýdýanlygy bellidir. Diňe Türkmenistanyň ýerinde arheologlar eneolit we irki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklaryndan garalyp, kömre dönenligi sebäpli saklanyp galan üzüm dänejiklerini tapdylar, radiouglerod seljermesi olaryň ýaşynyň bäş müň ýyldan-da ýokarydygyny ...

Wakalaryň jümmüşinde

Şäherleriň kemala gelmegi söwdanyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr

Ruslan MYRADOW

Dürli döwürlerde şäher „jygyllyklarynyň“ keşbi-de dürli bolupdyr. Biz kerwen ýollary bilen halkara söwdasy amala aşyrylan ellinler döwründäki Gündogar bazarlarynyň nähili bolandygyny bilmeýäris, çünki häzirkizaman ylmynyň ygtyýarynda hiç hili ýazuw we arheologik maglumatlar ýok. Belki, olar belli bir wagtda söwdagärleriň we alyjylaryň ýyganýan oňaýly ýerlerdäki ýönekeý meýdançalar bolandyr. Olaryň ýeňiljek çadyrlardyr kendir saýawanlaryň astynda Günden bukulan bolmaklary-da mümkin. Ýa-da iri şäherlerde ýörüte dükanlar we gatbar-gatbar söwda nokatlary bolandyr. Emma heňňamlar ötüp, olardan nam-nyşan galmandyr. Türkmenistanyň gorag galaly, metjit-medreseli, kerwensaraýly taryhy, saman jaýly we içi howluly, ...

Hyzmatdaşlyk

Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak – geljegiň binýadyny berkitmek

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Düýn belli sungat ussatlary, bilermenler bileleşigi tarapyndan beýan edilen bu hyzmatdaşlygy ösdürmegiň konsepsiýasy we wezipeleri baradaky teklipler duşuşyga gatnaşyjylara we onuň ýolbaşçylaryna bitewi ugurlara ünsi jemlemäge, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de forumyň “GDA-da maşgala gymmatlyklaryny we däp-dessurlary pugtalandyrmakda we goldamakda ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyň orny” atly mesele boýunça anyk söhbetdeşligi geçirmäge ýardam berdi.

Medeniýet

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik toparlary, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Ylym

Mekdebara döredijilik gözden geçirilişi daşary ýurt dillerine ökdeleri kesgitledi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Festiwala Aşgabadyň orta mekdeplerinden dört ýüze golaý çaga gatnaşdy. Olar ýekelikde we hor bolup, Watana, onuň taryhyna, medeniýetine, tebigatyna, şeýle hem myhmansöýer, göwnaçyk, zähmetkeş we sahy türkmen halkyna bagyşlanan aýdymlary aýtdylar. Çagalar aýdym-sazlarydyr tanslary ussatlaça ýerine ýetirdiler, olar dürli saz gurallaryny, şol sanda milli saz guralalryny çalmaga ökdeligini görkezdiler.

Hyzmatdaşlyk

Seulda Halkara bitaraplyk güni mynasybetli brifing geçirildi

Brifingiň dowamynda parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmakda bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine, içeri we daşary syýasatyň esaslary, depginli ösüşiň faktory hökmünde bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem biziň Bitarap döwletimiziň ählumumy gün tertibini çözmäge, syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we bilim, ulag we aragatnaşyk, energetika ulgamlarynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen tagallalary nygtaldy. Ýurduň halkara derejesindäki üstünlikleri, daşary syýasat strategiýasysnyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Sport

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleri jemlenildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bäsleşikler Çandybil şaýolundan “Türkmenistan” Teleradiogepleşikler merkezine çenli Saglyk ýoly boýunça geçirildi. Türgenler jemi beýikligi 1320 metre golaý bolan 18 kilometrden gowrak aralygy geçdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Bitarap döwletimiziň degişli döwürler üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna, Ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna saýlanmagy biziň durmuş-ykdysady syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň tassyklaýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy halklary birleşdirýär, dostlukly gatnaşyklara täze ýollary açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Biz döwrebap howa menzillerini, awtomobil we polat ýollary, ulag hem-de üstaşyr geçelgelerini gurmak arkaly asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerimizi dabaralandyrýarys. Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda «Serhetabat - Turgundy» ...