Habarlar 2 december 2017

Hyzmatdaşlyk

Birleşen Arap Emirlikleri döwletiniň döredilmeginiň 46 ýyllygy bellenilýär

-Pursatdan peýdalanyp, özara hormat we ynanyşmak ýörelgelrine esaslanýan BAE bilen Türkenistanyň arasyndaky özara hereketiň oňyn sazlayklydygyny hem-de onuň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk derejesine ýetenligni belläsim gelýär. Ýokary derejedäki özara saparlar we olaryň netijesi boýunça gol çekilen döwletara ylalaşyklary ähli ugurlar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy.

Hyzmatdaşlyk

Daşkentde Halkara Bitaraplyk gününe badyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Daşkentdäki jaýynda geçirilen çärä Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş seridleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri we Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ykdysadýet

Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli ykdysadyýetimiziň gazananlarynyň halkara gözden geçirilişleri ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak mümkinçilikleri dünýäniň işewürlik toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär, häzirki wagtda ýurdumyz görlüp-eşidilmedik senagat taýdan ösüşi hem-de köp ugurlarda, şol sanda gaýtadan işleýän senagatda gülläp ösüşi başdan geçirýär. Içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilen hem-de bezegi, sarp edijilik aýratynlyklary babatynda daşary ýurt harytlaryndan kem bolmadyk dürli ýokary hilli harytlara bolan islegler döwrüň talabyna öwrüldi. Innowasiýa häsiýetli önümçilik düzümleriniň kemala getirilmegi, ýokary bäsdeşlik ukybyna eýe bolan önümleriň möçberlerini artdyrmak ...

Wakalaryň jümmüşinde

Mejlisiň altynjy çagyrylyşygynyň deputatlarynyň saýlawyna 4-nji dekabrda badalga berilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirmek bellenildi.

Ykdysadýet

DHÇMB söwdalarynda himiýa we dokma önümleri öňdeligi eýeledi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler ýodlandyrylan kaliý (Türkmenhimiýa DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna mata we nah ýüplükler, jinsi matalar, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 215 müň dollaryndan gowrak boldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi

Sizi Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösdürilmegi, ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara daýanýan önümçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gün dabaraly açylýan sergi hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň has-da ilerlemeginde uly ähmiýete eýedir diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda aýdylýar.