Habarlar 8 december 2017

Resmi habar

Resmi habarlar

*** Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Muhammetseýit Babaýewiç Sylapowyň üstüne ýüklenildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlise Türkmenistanyň parlamentiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Resmi habar

Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhammedowy gutlady

Siziň Alyhezretiňiziň Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagy owgan halky üçin Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary äşgär edýän ýakymly waka öwrüldi.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz ministrleriň birnäçesini wezipeden boşatdy

Senagat ministri Tüýliýkew Amanberdi Hojamuhammedowiç;

Ykdysadyýet

Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy

On bir aýyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy. Sarp edilýän harytlaryň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary geçen ýylyň dekabr aýynyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim artdy.

Ykdysadyýet

Türkmenistanda Ýeri uzak aralykdan barlamak üçin emeli hemra uçurmak göz öňünde tutulýar

Wladimir KOMAROW

Bu serişdelere uzak aralykdan Ýeri barlamaga niýetlenen ýene bir emeli hemrany döretmek we kosmos orbitasyna çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem kosmos pudagynyň ýerüsti infrastrukturasyny has giňeltmek, esasy hünärmenleri taýýarlamak, kosmos tematikasyndan ylmy işi guramak bellenilýär.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu waka Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýol edaralary ýakynda Aşgabatda agzalan demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, taýýarlanylan taslama döwletlerimiziň arasyndaky ulag gatnaw ýollaryny giňeltmäge hem-de doganlyk ýurtdan bolan hyzmatdaşlara ysnyşykly, multimodal hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.