Habarlar 9 december 2017

Jemgyýet

Halkara sport ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Sylaglamak dabarasyna Sport baradaky döwlet komitetiniň birnäçe degişli edaralarynyň, DIM-iň wekilleri, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary, mugallymlary, şeýle hem tälimçiler gatnaşdylar.

Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda eksport geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 97 million dollaryna golaý boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Latwiýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasiýa kerosinini, awtomobil benzinini, suwuklandyrylan gaz we az kükürtli ýakylýan mazudy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtomobil benzinini we suwuklandyrylan gaz (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, dürli görnüşli tekiz reňkli hem-de žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, flanel-mata, pagta süýümi daşary ýurt puluna ýerlenildi. Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe we beýlekiler satyn alan ýurtlar boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 942 müň dollaryndan ...

Ykdysadyýet

Daşoguz welaýaty gök-miwe önümlerini öndürmek boýunça ýyllyk borçnamyny ýerine ýetirdi

Batyr ÖRÄÝEW

Welaýatda witaminli önümleriň öndürilişi yzygiderli artýar, bu bolsa sebitiň ilatynyň islegini kanagatlandyrmaga we olary paýtagtyň bazarlaryna hem-de lomaý-bölek söwda edaralaryna ibermäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl şeýle hem 48 müň tonna golaý kartoşka, 1 müň tonna hyýar, 14 müň 280 tonnadan gowrak pomidor, 58 müň 556 tonna bakja önümleri öndürildi, munuň özi meýilleşdirilen görkezijilerden has köpdür. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň „Döwletli“ daýhan birleşigindäki „Altyn gala gurluşyk“ hususy kärhanasynyň ýyladyşhansy ýaly hususy ýyladyşhanalar döredildi, bu ýerde 800 tonna pomidor we ...