Habarlar 1 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitinde eden çykyşy

Ilki bilen, mähirli myhmansöýerligi we duşuşmaga ajaýyp şertleri döredendigi üçin, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarife tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna iş sapary

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny anyk kesgitlenen ýörelgeler we halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän däp-dessurlaryny, medeni gatnaşyklaryny özünde jemleýän taryhy tejribesine esaslanýan Bitaraplygyň binýatlyk ýagdaýlary esasynda ýola goýýar. Munuň özi döwletimize ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli we deň hukukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam berýär hem-de islendik meseleler boýunça özara kabul ederlikli çözgütleriň kabul edilýän işjeň gepleşikleri guramak we halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işjeň herekete girizmek üçin şertleri döredýär.

Jemgyýet

Paýtagtymyzyň «Berkarar» söwda merkezinde Aziada-2017-niň resmi tumarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
surata düşüren Süleýman ÇARYÝEW.

Öňde boljak oýunlaryň tumary Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň başynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Resmi habar

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly sebitara we halkara guramalaryň, şol sanda YHG-niň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Rustam Minnihanowyň baştutanlygynda doganlyk Tatarystanyň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikler gazanandygyny belläp, onuň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi hem-de özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dostlukly ýurduň hökümet Baştutany milli Liderimiz bilen mähirli salamlaşyp, ony ýakynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi hem-de ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagt hem-de döwlet ösüşiniň ägirt uly maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabada geldi

Yslamabat şäheriniň YHG agza döwletleriň döwlet baýdaklary bilen bezelen “Nur Han” adyndaky howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy boldy.