Habarlar 10 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Hyzmatdaşlyk

10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Çäre medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak işine bu ulgamyň edaralarynyň işjeň çekilmegini üpjün eder.Türkmen-katar ynsanperwer gatnaşyklary iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Ykdysadýet

Türkmen senagaty durmuş tehnikalarynyň çykarylmagyny özleşdirýär: ýurdumyzyň tozan sorujylary we elektrik demojaklary peýda bolar

Durmuş tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň - gaz we elektrik ojaklarynyň, elektrik demojaklarynyň, elektrik gyzdyryjylaryň, tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, “Hojalyk harytlary” atly hojalyk jemgyýeti döredildi. “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy täze bilelikdäki kärhananyň esaslandyryjysy bolup çykyş etdiler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Resmi habar

Resmi habar

«Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 70 göterim, Gullugyň Aşgabat şäheriniň Halkara aeroportuna – esaslyk maýadaky paýy 27 göterim we Howa gatnawlarynyň Baş gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 3 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Ykdysadýet

Telekeçiler azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşýarlar

Batyr ÖRÄÝEW

Telekeçiler we senagatçylar daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça milli strategiýany amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar, olar üçin döwlet tarapyndan amatly ykdysady şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan syýasaty netijesinde orta we kiçi biznesiň wekilleri welaýatlaryň ählisinde maldarçylykdyr ekerançylyk önümlerini öndürmek hem-de gaýtadan işlemek, azyk senagaty boýunça dürli binalary gurýarlar. Diňe Daşoguz welaýatynda olar gara mallary saklamak üçin iri we kiçi maldarçylyk fermalaryny, et we süýt önümlerini, üwmeç-konserwa kärhanalaryny, uly we kiçi ýyladyşhanalary gurarlar. Agrosenagat pudagynda ýerli telekeçilere giň ...

Ykdysadýet

Mermerdir granitden dürli bezeg daşlaryny çykarýan kärhananyň ümzügi ileri

Çerkez NYÝAZMÄMEDOW,
surata düşüren Aleksandr KRAWSOW

Zawod Italiýanyň dünýä belli «Barsanti macchine» firmasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde öndürilýän önümleriň ammarlada uzak saklanmaýanlygy-da olaryň hiliniň ýokarylygyna şaýatlyk edýär.Olary iri döwlet gurluşyk kärhanalary we şahsy kompaniýalar satyn alýarlar.

Ykdysadýet

Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar

Şu ýylyň fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň wekiliýeti Fransiýada, Şweýsariýada we Italiýada iş saparynda boldular. Topar agzalary gaz turbinalaryny öndürýän zawodyna we okuw merkezine baryp, turbinalaryň öndüriliş tehnologiýasy, işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem gaz turbinalarynyň pilçelerini, gaz turbinalaryny we generatorlaryň rotorlaryny öndürýän we abatlaýan zawodlara, utgaşykly dolanyşykda işleýän-Türkmenistanda ilkinji gezek gurulýan “Mary-3” elektrik stansiýasyna meňzeş elektrik stansiýasyna baryp gördüler.

Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti arassa ganly ahalteke bedewleriniň katalogyny döredip başlamalydygyny tabşyrdy

Bellenilişi ýaly, bu katalogy degişli halkara guramalarynda hasaba aldyrmak zerur bolar. Şonda bu katalog halkara derejesinde ykrar ediler. Oňa hökmany ýagdaýda salgylanmaly bolar. Bu köpjiltli neşirde halkymyzyň ahalteke atçylygyny häzirki döwürde ösdürmekde eýeleýän ornuny, şeýle hem bu ajaýyp we asylly tohum atlaryny gorap saklamak we ösdürmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan görülýän çäreleri düýpli esasda görkezmek maksadalaýyk bolar.