Habarlar 11 march 2017

Resmi habar

15-16-njy martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi

Katar Döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň hem-de Kataryň Emiriniň geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berdi.

Jemgyýet

Türkmenistan ahalteke bedewlerini Bütindünýä Medeni mirasyň sanawyna goşmak baradaky teklip bilen ÝUNESKO ýüz tutmagy meýilleşdirýär

Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini bellediler. “Behişdi bedewlere” aýratyn gadyr goýýan we at çapmagyň ussady hem-de atçylyk sportunyň wagyz edilmegi ugrunda yzygilderli tagalla edýän döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň möçberli işiniň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylyk ulgamy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Jemgyýet

Aşgabatda innowasiýa tehnologiýaly stomatologiýa we oftalmologiýa ylmy merkezleri açyldy

Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, lukmançylyk jemgyýetçiliginiň wekilleri, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Ykdysadýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.