Habarlar 12 march 2017

Sport

Türkmen küştçüleriniň nobatdaky üstünligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Medallaryň üçüsi (iki “kümüş” we bir “bürünç”) zenanlar ýygyndymyzyň Çehiýada geçen ýaryşda üstünlikli çykyş etmekleriniň netijesi boldy. Bu ýaryşa 17 ýurtdan – Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Wengriýadan, Şwesiýadan, Polşadan, Belgiýadan, Sloweniýadan we beýleki ýurtlardan 120-ä golaý küştçi gatnaşdy. Ýaryşlar üç görnüşde — blis, rapid we nusgawy küşt boýunça geçirildi.

Medeniýet

Milli aýakgabyň taryhyndan

Ajap BAÝRYÝEWA,
etnograf, taryh ylymlarynyň kandidaty,
surata düşüren awtor

Ýaşlaryň ädigidir köwşi çylşyrymly biçüwli, ýiti reňkli we bezegli bolupdyr. Ýokary gatlagyň wekilleri gön, mişi, mahmal ýaly gymmatly serişdeler, şeýle hem altyndyr kümüş ulanylyp tikilen aýakgap geýipdirler.

Aziada 2017

Maý aýynda Minskide geçiriljek dünýä çempionaty türkmen taý-boksçylary üçin V Aziada taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar

Aleksandr KRAWSOW

2014-nji ýylda ildeşlerimiz sportuň bu görnüşinde şowly çykyş etdiler: Bangkokda (Tailand) geçirilen Aziýa kenar oýunlarynda zenanlarymyz üçünji orny eýelediler. Şol ýyl Stambulda (Türkiýe) gurnalan söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanlylar altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldylar. 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Taý boksy boýunça federasiýasy döredilip, ol höwesjeňler Muaý Taý Halkara federasiýasynda hasaba alyndy. 2015-nji ýylda Bangkokda talyplaryň arasynda Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirilip, onda toparymyz bir bürünç medal eýeläpdi. Ýene şol ýyl Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Ýewropanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda türkmen topary 1 birinji, 3 ikinji we 3 üçünji ...