Habarlar 15 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emir Tamim Bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny anyklaşdyrdylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistan Katar bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

Jemgyýet

18-nji martda ýazky bag ekmek çäresi başlanýar

Nurjan GAPUROW

Ýazky möwsümiň başyny milli ekologiýa çäresi bolan ýowar açar, oňa türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi gatnaşar.

Jemgyýet

Göz keselleri Ylmy-kliniki merkezinde ilkinji operasiýalar şowly geçdi

Inna BUROWA,
surata düşüren Hasan MAGADOW

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde çagalaryň görejini goramak boýunça iki otag hereket edýär. Olardaky enjamlar şol bir wagtyň özünde keseli anyklamaga we oňa bejergi bermäge mümkinçilik berýär. Merkezde çagalaryň göz kesellerini bejermek, umumy göz keselleri, gaýra goýulmasyz kömek, lazer bilen bejermek we kliniki laboratoriýa ýaly bäş bölüm bar.

Jemgyýet

VAziada taýýarlygyň çäklerinde haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň bilermenleri Türkmenistana geldiler

Nurjan GAPUROW

Häzirki wagtda atlaryň uýan ganynyň barlagynyň esasynda wirusly we gan parazitar keselleriniň barlagy, meýilnamalaşdyrylan sanjymlar, bedewleri pasportlaşdyrmak we olaryň hereketine gözegçilik, beýleki epizootiki çäreler, şol sanda haýwanlaryň saglygyna işjeň gözegçilik işleri alnyp barylýar.Ýurtdaky goşa toýnaksyz haýwanlaryň, şol sanda düýeleriň we eşekleriň hem hemmesiniň gany barlanylýar. Zerur seljermeleriň ählisi MEB-iň ygtyýarly laboratoriýalarynda, hususan-da BAE-de geçirilýär. Döwlet weterinar gulluklary ahal-teke bedewleriniň baş sanyny, olaryň saklanýan ýerlerini hasaba almak, reňkini ýazga almak we beýleki maglumatlary ýygnamak boýunça çärelere gatnaşýarlar. Toplanan maglumatlaryň esasynda ýurtda goşa ...

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň «Al Şakab» atçylyk sport toplumyna baryp gördi

Soňra döwlet Baştutanymyz “Al Şakab” belli atçylyk-sport toplumynyň işiniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi.

Hyzmatdaşlyk

Söwda we infrastruktura ösüşi türkmen-katar ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi

Gepleşiklerde ýurtlaryň ikisinde hem yzygiderli söwda sergileriniň hem-de işewürler maslahatlarynyň we Türkmenistanda hem-de Katarda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen bazar satuwynyň geçirilmeginiň, iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerine garalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň öňüsyrasynda geçirilen ilkinji türkmen-katar işewürler maslahatynyň netijeleri nygtaldy. Bu maslahatyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Kataryň ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrdy

Dohada geçen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşiklerinde Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary has hem ösdürmäge ýardam berjek halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça başlangyçlaryň ähmiýeti bellendi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan we Katar halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga meýillerini mälim etdiler

Halkara düzüminiň çäklerinde ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça garaýşlaryň gabat gelýändigi bellenildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitarplaýyn resminamalara gol sekildi

Bu ýokary derejeli duşuşyk taraplaryň strategiki we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meýillerini tassyklaýar. Türkmenistan ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, energetika ulgamynda hem-de sport pudagynda düýpli üstünlikler gazanan ýurt hökmünde Kataryň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri başlandy

Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Doha şäheriniň howa menziline hormat garawulynyň nyzama düzülen uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.