Habarlar 16 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Dohadaky gepleşikler Türkmenistanyň we Kataryň gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýillerini berkitdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri geçirilip, uly üstünlige eýe boldy. Dostlukly döwletleriň Liderleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäni hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun bermäge çalyşýandygyny tassyklady.

Jemgyýet

Hazarýaka ýurtlaryň wekilleri sebitiň serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň ugurlaryna garadylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ozal habar berlişi ýaly, on günlük okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri — Daşary işler ministrliginiň, nebitgaz ulgamynyň, gidrometeorologiýanyň, balyk hojalygynyň, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, deňiz ulaglary ulgamlarynyň, serhet gullugynyň hem-de birnäçe beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Okuwlary BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda — ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynda (IOC UNESCO), BMG-niň Ösüş maksatnamasynda, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň we Hazar ekologiýa maksatnamasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynda iş tejribesi bolan ýurdumyzyň ...

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Duşuşygyň barşynda deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň dolandyryjy işgärleriniň hem-de ýolagçylarynyň ömrüni we saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek ýaly ýokarda ady agzalan Teswirnamanyň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.