Habarlar 17 march 2017

Aziada 2017

V Aziada gatnaşmak üçin futzal boýunça milli ýygyndy toparyň düzümi belli boldy

Ýewgeniý IWANNIKOW

Ýygyndy toparymyz Walensiýanyň golaýyndaky kiçeňräk Benidorma şäherinde boldy, bu ýerde toparymyzyň türgenleşiklerdir oýunlar geçirmegi üçin örän gowy şertler döredildi.

Ykdysadýet

Telekeçilik — bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredildi. Dokuz ýylyň içinde ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde tutuş eýýama barabar ýol geçildi. Häzirki wagtda telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegine öwrüldi we Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär.

Ykdysadýet

Owlak-guzy kampaniýasynda garaköli dowarlaryň baş sanynyň 766 müňden gowrak artmagyna garaşylýar

Nurjan GAPUROW

Bu zootehniki çärä ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk institutynyň dowardarçylyk bölüminiň alymlary-da goşuldylar. Häzirki wagtda olar döwlete degişli dowar sürileri bolan hojalyklarda işleýärler. Olar tohumlayk mallardyr we çal we gara garaköli reňkli türkmen garaköli dowarlarynyň genofondydyr. Hünärmenler ýerinde mallaryň köpelen baş sanyna tohumçylyk babatda baha berýärler we olary hasaba alýarlar, şeýle hem olaryň tohumlyk mal derejesini kesgitleýärler. Häzirki wagtda döwlete degişli sürilerde ýokary tohumly mallaryň baş sany 1 million 438 müňe ýetdi. Hünärmenler olaryň ýene 766 müňden hem köp artjakdygyny belleýärler.

Medeniýet

Türkmen-amerikan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýylygy mynasybetli iki ýurduň sazandalary çykyş etdiler

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Amerikaly sazandalaryň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasy Mukamlar Köşgünde bolan dabara bilen başlandy, onda ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasynyň adyndan Döwlet simfoniki orkestrine saz gurallary gowşuryldy.

Hyzmatdaşlyk

Halkara okuw-maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça borçlaryny ýerine ýetirişinň ugurlaryna garaldy

Irina YMAMGULYÝEWA

Duşuşygyň barşynda durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek jähtinden 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Pariž ylalaşygynyň möhümligi bellenildi.

Ylym

V Aziada goaýlaşdygy saýy ýokary okuw mekdeplerindäki Meýletinler merkezleriniň işi işjeňleşýär

Wiktoriýa NOWIKOWA

Türkmen Döwlet energetika institutynyň Meýletinler merkezine bu ýokary okuw mekdebiniň her edinji talyby gatnaýar. Iňlis dili mugallymy Bahar Geldiýewanyň ýolbaşçylyk edýän merkeziniň köp ugurly işi talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, dogduk diýarynyň we Oýunlara gatnaşýan döwletleriň taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmäge islegleri olary jebisleşdiriji ýagdaý boldy.

Sport

«Dagyň depesine çykmak» taslamasy ýylyň esasy sport wakasyna çenli ýarym ýylyň galandygyny belledi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Sport we watançylyk çäresi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanýar hem-de Aşgabatda geçiriljek giň möçberli ýaryşlary wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu ýaryşlara Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleri gatnaşar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Milli Liderimiz mejlisi açyp, 21—22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu halkara baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara Nowruz baýramy halklary dost-doganlyga, asudalyga we agzybirlige çagyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we birek-birege hormat goýmak däplerini berkidýär. Dünýäniň köp halklary bilen birlikde, türkmen halky hem ajaýyp Nowruz baýramyny uly dabara ...

Resmi habar

Dynç gününiň geçirilmegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 20-nji marty iş güni däl diýlip hasap ediler

Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 19-njy martyndaky dynç güni 20-nji marta - duşenbe gününe geçirilýär.

Resmi habar

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň ady «Türkmenhowaýollary» gullugy diýlip üýtgedildi

“Türkmenhowaýollary” gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resmi habar

Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda” 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.