Habarlar 19 march 2017

Medeniýet

Çeperçilik sungaty muzeýinde 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Nurat Hojagulyýewiň žiwopis we grafika eserleriniň sergisi açyldy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Dmitriý GORŞKOW

-Gündogar bazarlary bilen tanalýar. Şonuň üçinem „Bazar“, „Bazara“, „Bazardan“ atly eserlerime duş gelseňiz geň görmäweriň. Gündogar bazary diňe bir zat satylýan ýer däl-de, eýsem dürli röwüşli, adamlaryň bir-biri bilen gönüden-göni gatnaşygyny görkezýän ýer. Men gahrymanlarymyň ýanynda öý haýwanlarynyň bolanyny gowy görýärin. Olary ýörüte dürli häsiýetli: oýa batan, şadyýan ýa-da gedemsi edip çekýärin-olar eseriň duýga täsirini güýçlendirip, onuň tilsim ýordumy bilen sazlaşykly utgaşyp gidýär.

Resmi habar

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi

Kaliý duzlarynyň Garlyk känlerini işläp taýýarlamak we zawodyň çäklerinde kaliý duzuny çykarmak we baýlaşdyrmak boýunça desganyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň täze döwri bolup durýar.

Resmi habar

Türkmenistanda möhletli harby gulluga çagyrylyş yglan edildi

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmek, söwesjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Sport

Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň dört medaly

Ýaryşa 40-dan gowrak ýurtdan 800-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ýygyndymyzyň düzüminde gyzlar tapawutlandy. Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden Nilufar Muhuddinowa çykdy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby jemleýji tutluşykda ildeşimiz, ikinji orna mynasyp bolan Angelina Filippowadan üstün çykdy.

Ykdysadýet

Kaliý kombinaty ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagynda möhüm ädim bolar

Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze pudagyň — bu ulgamda ylmyň we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen dag-magdan senagatynyň döredilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzy ösen senagatly döwlete öwürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Hyzmatdaşlyk

Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň geljegine oňyn baha berdi

Türkmenistanyň we Halkara pul gaznasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler duşuşyklaryň esasy mowzugy boldy. Wekiliýetiň işiniň jemleri boýunça esasy makroykdysady görkezijileriň esasynda döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşine baha berildi. HPG-niň ýörite taýýarlan maglumat habarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti daşarky amatsyz ýagdaýlaryň täsirine uýgunlaşmagyny dowam edýär. Senagaty ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler, türkmen gazynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň artmagy ýurdumyzyň durnukly ösmegine ýardam edýär.