Habarlar 2 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu döwürde ýerine ýetirilen işler hem-de ýolbaşçylyk edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini netijeli guramak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ýurdumyzda parahatçylygy hem-de howpsuzlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlaryny diňledi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi

Döwletdurdy Täçdurdyýewiç Hajyýew “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenilip, ol “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hyzmatdaşlyk

Eýranyň işewür toparlary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Nobatdaky Aşgabat sergisinde Eýranyň dürli senagat merkezlerinden bolan öňdebaryjy iri kompaniýalaryň — döwrebap tehnikalary we enjamlary, şol sanda nebitgaz, oba hojalygy, lukmançylyk pudaklary üçin enjamlary, gurluşyk serişdelerini we himiýa önümlerini, metal önümlerini, awtoulaglary hem-de durmuşda ulanylýan harytlary, azyk önümlerini we beýleki zatlary öndürýän kompaniýalaryň 40-dan gowragy öz önümleri bilen tanyşdyrdylar. Olar türkmen bazarynyň önümleriň hiline bildirýän talaplaryna kybap gelýär.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz BMG bilen özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýetiň berilýändigini belledi.

Aziada 2017

Aziada — 2017-ni mahabatlandyrmak maksady bilen

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak maksady bilen sergi guradylar. Ol maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Türkmenistan — BMG: Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk» atly dabaraly mejlise gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna deňhukukly we doly derejeli agza bolmagynyň 25 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli dabaraly mejlisiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ykdysadýet

«PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy geçen ýyl bir gije-gündizde tebugy gaz çykarmakda ýokary netije gazandy

Wladimir KOMAROW,
surata düşüren awtor

„Diýarbekir“ käninde 2009-njy ýyldan başlap senagat taýdan çig nebit we 2011-nji ýyldan başlap „Magtymguly“ gaz ýatagyndan tebigy gaz alnyp başlaly bäri Malaýziýanyň “PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Türkmenistanda iri nebit-gaz çykaryjy we tebigy gazy iberiji kompaniýa hökmünde tanalyp ugrady. “PETRONAS Carigali Sdn Bhd” kompaniýasynyň bölümi bolan “PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ýigrimi ýyl töweregi mundan ozal „Blok 1“ şertnamalaýyn meýdança babatda önümi bölüşmek hakynda Şertnama gol çekilenden soň uglewodorod çig malyny agtarmak, işlemek we çykarmak boýunça önümçilik işlerine başlady.

Medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet sirkindäki haýwanlaryň arasynda Aşnajyk atly burma şahly umga aýratyn meşhurlyk gazandy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Dmitriý GORŞKOW

Öz gezeginde olaryň sany zoologlary geň galdyrdy. Adatça ene umga ikiden köp owlaklamaýar. Özem erkegi-tyşysy kiçeňräk sürüde bile bolýar. Onda ene umgalaryň ýeke biri wepat bolmandyr-da, owlaklaram köpräk bolara çemeli. Tebigatda jandarlaryň ýaşaýşy duýdansyzlyklardan doly. Belki, sürä ýyrtyjylaryň birnäçesi çozandyr-da, eneleri çagalaryny gorap, olara lukma bolan çemeli.

Ylym

Aziada-2017-ä bagyşlanan çagalar suratlarynyň bäsleşiginiň jemi jemlendi

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Hasan MAGADOW

Okuwçylaryň ýüzlerçesi baýrakly orunlara dalaş edip, bäsleşigiň guramaçylyk komitetine Aziada -2017-ä hem-de Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlap öz çeken suratlaryny we şygyrlaryny iberipdirler.