Habarlar 20 march 2017

Medeniýet

Çeperçilik sungaty muzeýinde gurnalan sergi milli nakgaşlyk mekdebiniň dürli wekilleriniň işleri bilen tanyşdyrýar

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Dmitriý GORŞKOW

Ondaky iň şowly işleriň biri hem tanymal nakgaş Stanilaw Babikowyň „Pökgi oýny“ atly eseridir. Bu ussadyň suratlaryna mahsus açyk reňkler ussatlarda-da, sungat muşdaklarynda-da gyzyklanma döredýär. Awtor oýna gyzygan inçe bil, owadan we şadyýan gyzlary şekillendiripdir. Bu olaryň Bahary-ýagşy umytlara beslenen döwür. Olaryň ýanyp duran gözleri gyzlaryň bagtyýarlygyny, ýaşaýşa aşyklygyny görkezýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Resminama ara alnyp maslahatlaşylanda, bu Kanunyň adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlar babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýändigi, şeýle hem şol maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we goramak bilen bagly işleriň maksadyny, ýörelgelerini we hukuk esaslaryny kesgitleýändigi bellenildi.