Habarlar 21 march 2017

Medeniýet

Sahawatly desterhan-Nowruz baýramynyň we türkmen myhmansöýerliginiň aýrylmaz bölegidir

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri

Bu baýramda esasy tagam semenidir. Ony taýýarlamak Nowruzyň aýratyn däbi bolup, ol gadymy ynanç-ygtykatlardan gelip çykýar, muny Orta asyrlaryň tanymal alymlarynyň işleriniň maglumatlary, şahyrlarynyň eserleri hem subut edýär. Semeni Nowruzdan bir gün öň taýýarlanyp başlanylýar, ony daň atýança uzak gije gaýnadýarlar, oňa tutuş oba ýa-da birnäçe maşgala gatnaşýar.

Resmi habar

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklaryna mynasyp boldy

Döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen Kararda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welaýatlarda, etraplarda we obalarda durmuş-medeni ähmiýetli, döwrebap binalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni özüne dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem-de özboluşly däp-dessurlaryny birleşdirdi. Ol müňýyllyklaryň dowamynda medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Onda gadymy zähmet däpleri we maşgala dessurlary aýdym-saz mirasy, häzirki zaman sungaty bilen utgaşýar hem-de haýran galdyryjy halk baýramçylygyny emele getirýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.