Habarlar 28 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dostlukly döwletiň hökümetiniň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletli we giň möçberli gatnaşyklary pugtalandyrmak onuň ýurdunyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Jemgyýet

Türkmen lukmanlary bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw merkezini halkara derejesinde ykrar etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Inna BUROWA,
surrata düşüren Hasan MAGADOW

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk baradaky iki ýyllyk ylalaşygyň çäklerinde lukmançylyk bilimleri we okuw merkezlerini halkara derejesinde ykrar etmegiň meseleleri boýunça halkara bilermenleriniň topary geldi. Onuň hatarynda Moldowa Respublikasynyň Nikolae Testemisanu adyndaky Döwlet medisina we farmasiýa uniwersitetiniň lukmançylyk taýýarlygyny modelirlemek boýunça Okuw-ylmy merkeziniň (CUSIM) direktory Andreý Romançenko we bu merkeziň matsatnamalary utgaşdyryjysy Ýuriý Saratila, şeýle hem Riganyň Stradynýa adyndaky uniwersitetiniňň klinika tilsimleri we medişina tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Oleg ...

Medeniýet

Çeperçilik sungaty muzeýinde «Meksika: medeniýetleriň köpdürliligi» atly sergi açyldy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Serginiň guramaçylary-Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny meksikalylaryň köpdürli däp-dessurlary, bu ýurduň taryhyndan we medeniýetinden gyzykly pursatlar bilen tanyşdyrdylar.

Aziada 2017

«Aziada-2017» taslamasy sporta bagyşlanyp Aşgabatda geçen maslahatyň esasy meselesi boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Oňa dürli ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplary, belli türgenler we tälimçiler, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar. Olar halkara jemgyýetçiliginde Aşgabat Oýunlaryny wagyz etmegiň aragatnaşyk we mahabat strategiýalaryna garadylar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Ilçi döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna şu ýyllaryň içinde bildirilen mähirlilik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk, döredijilik we rowaçlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň hem-de uzakmöhletleýin giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Italiýanyň hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Resmi habar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dostlukly döwletiň hökümetiniň ýolbaşçysy Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän Türkmenistan bilen uzak möhletli we giň möçberli gatnaşyklary pugtalandyrmak onuň ýurdunyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Jemgyýet

Ýerasty pyýada geçelgeler gurulýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şäher ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça işler dowam edýär, köprüleriň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriniň köp sanlysy guruldy, köçeleriň onlarçasynda ýol örtügini täzelemek dowam edýär.

Sport

Almatyda bolsa, gylyçlaşyjylaryň ýaryşlary dowam edýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu üstünlik şu ýaryşda Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinden bolan türgeniň üçünji baýragy boldy. Ýakynda, ozal habar berlişi ýaly, ýaryşyň rapira görnüşinde ol ýeňiji bolup, umumy toparlaýyn hasapda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Sport

Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde adaty karate boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Röwşen Hudaýberenow üç altyn medala mynasyp boldy. Toparlaýyn tutluşyklarda onuň ýeňiş gazanmagyna Begmyrat Jepbarow hem-de Gurbanmyrat Gylyjow, toparlaýyn katada, şeýle hem aýratynlykdaky katada (Döwlet Berdiýew we Babahan Dädebaýew) kömek berdiler.

Hyzmatdaşlyk

«Microsoft» kompaniýasy — ýokary tehnologiýalar bazaryny ösdürmekde Türkmenistanyň hyzmatdaşy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dünýäniň iň iri maglumat tehnologiýalary korporasiýalarynyň biri bolan “Microsoftyň” Türkmenistanda resmi wekilhanasyny açmak barada 2015-nji ýylyň awgustynda kabul eden çözgüdi kompaniýanyň bilermenleri tarapyndan ýurdumyzyň okgunly ösýän bazarynyň geljegine geçirilen deslapky seljermelere hem-de berlen ýokary baha, bu bazarda ýokary tehnologiýaly netijeli çözgütlere isleg bildirilişine esaslandy.