Habarlar 3 march 2017

Ykdysadýet

Özbegistanda öndürilen oba hojalyk tehnikalarynyň tanyşdyrylyşy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dabarada Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýum we söwda ministri Elýor Ganiýewiň belleýşi ýaly, oba hojalyk tehnikalaryny ýerlemek we olara hyzmat etmek boýunça Tehniki merkeziň döredilmegi ägirt uly mümkinçilikleri bolan iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Ykdysadýet

2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär

Umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň köpüsy durmuş maksatly desgalardyr. 17 milliard dollara golaý işleri ýurdumyzyň guluşyk-gurnama edaralary alyp barýarlar, munuň özi geçen ýyldakydan 20 göterim artykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Jemgyýet

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleri pugtalanýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkyň saglygy we onuň bagtyýar durmuşy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly ýörelgedir.

Jemgyýet

18-nji martda ählihalk bag ekmek ýowary geçiriler

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Sport

Gyşky Aziadanyň ýeňijileri Watanymyza gaýdyp geldiler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Oýunlaryň toparlaýyn tapgyrynda türkmen hokkeýçileri Malaýziýanyň (9:2), Hytaýyň Makaosynyň (16:0) we Indoneziýanyň (12:2) toparlaryndan üstün çykmagy başardylar. Bu ýeňişler Baýram Allaýarowyň şägirtlerine finalda çykyş etmäge mümkinçilik berdi. Final duşuşygynda biziň hokkeýçilerimiz Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 7:3 hasabynda ýeňmegi başardy. Eýran Yslam Respublikasynyň türgenleri bilen ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda biziň ýygyndymyz 13 hokkeý topuny geçirmegi başaryp, uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Öz derwezelerine bolsa bary-ýogy 2 hokkeý topuny goýberdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, 2017-nji ýylyň ýanwar—fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda görülýän çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi.

Medeniýet

Türkmen-fransuz diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli aşgabatly sungat muşdaklarynyň öňünde „Arar“ dueti çykyş etdi

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Žodilin bilen Aleksis Lionyň Milli konserwatoriýasynda saz ugrundan ýokary bilim aldylar. Baryp talyplyk ýyllary kamera sazyna we syýahatçylyga höwesi olary duşurypdy. Şonuň üçinem 2013-nji ýylda bu zehinli sazandalar „Arar“ duetini döretdiler. Olar Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly çykyş etdiler, bu sapar olaryň yklymyň çäginden daşary ilkinji gezek çykyşydy.

Türkmenistana hoş geldiňiz

Gadymy Dargangalasy Horezm Türkmen - seljuklar döwletiniň düzümine geçenden soň abadançylyk ýoluna düşüpdir

Marstal BEKTASOW,
surata düşüren awtor

Dargangalanyň binagärligi hem gyzyklanma mynasypdyr. Galanyň belentligi 8, galayňlygy 5 metre ýetýär. Galanyň içindäki jaýlar iki gat eken. Olaryň birinji gaty ýaşaýyş jaýlary bolupdyr, ikinjisinde bolsa azyk önümleridir agyz suwy saklanypdyr.