Habarlar 5 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

6-njy martda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär. Paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler däp bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.

Resmi habar

Petko Draganow Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-na agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürildi. Türkmen tarapynyň teklibi boýunça Baş Assambleýa tutuş dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary giň seslenmä eýe boldy. Milletler Bileleşiginiň hormatly we jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň abraýy ýylsaýyn artýar.

Medeniýet

Gadymy Jeýhunyň kenarynda

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Amyderýanyň çep kenarynda Köneürgençden häzirki Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän gadymy Amul şäherine barýan kerwen ýoly uzap gidýär. Akademik B.B.Bartoldyň çaklamalaryna görä, Merwden Buhara gidýän ýoluň esasy geçelgesinde amatly ýagdaýda ýerleşmeginiň netijesinde hut Amul şäheri Amyderýanyň boýundaky iň uly şäher bolansoň, bu derýanyň häzirki adyna eýe bolmagyna sebäp bolupdyr.