Habarlar 6 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Liderini resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar.

Hyzmatdaşlyk

Awazada deňiz serişdeleriniň dolandyrylyşyna bagyşlanan halkara okuw maslahaty badalga aldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, Hazar bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, milli we umumy bähbitleri, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy nazara almaga esaslanýan möhüm ugurlarydyr. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” hem uly ähmiýet berilýär. Konsepsiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda oňyn we netijeli sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, Hazarýaka döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy durýar.

Jemgyýet

Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň açylmagynyň öň ýanynda bu waka bagyşlanyp owadan bezelen neşir çapdan çykdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Amyderýanyň kenarlaryny birleşdirýän bu täsin inženerçilik – tehniki desga abadançylygyň we ösüşiň, giň halkara hyzmatdaşlygyna, halklaryň ýakynlaşmagyna ymtylyşyň aýdyň alamaty bolup durýar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

*** Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine düzüminde 24 göterim fosfor bolan 30 000 tonna suprefos dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow KHBS-niň öňünde çykyş edip, türkmen-özbek gepleşikleriniň netijelerine umumy baha berdi

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu Şawkat Miromonowiç Mirziýeýewiň özbek döwletiniň baştutany hökmünde Türkmenistana ilkinji resmi sapary boldy. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy kesgitleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Ylym

Türkmen talyplary halkara matematika ders bäsleşiginiň bürünç baýragynyň eýeleri

Her ýyl geçirilýän intellektual bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, barlag işlerini höweslendirmäge hem-de ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Wakalaryň jümmüşinde

Aşgabat we Daşkent elektrik energiýanyň Gündogar Aziýa iberilmeginiň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär

Durnukly energetika babatda gürrüň Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitdäki iri möçberli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy barada barýar. Şol taslamalaryň hataryna, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy degişlidir. Mundan başga-da, biz Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektroenergiýany ibermek boýunça taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy işjeňleşdirmäge taýýardyrys diýip, türkmen Lideri habar berdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler

Döwlet Baştutanlary parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm ornuň berlendigini nygtadylar. Taraplaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmek ugrunda özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy ylalaşandyklary bellenildi. Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerinde ýurtlarymyzyň eýeleýän orny üýtgewsizdir: biz Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini üpjün edip bilýän mäkäm we netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly ...

Wakalaryň jümmüşinde

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

«Oguzhan» köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bähbitleriň umumylygy hem-de özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga syýasy erk-islegiň bolmagy bilen şertlenendir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu sapar esasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgeleri goýlan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda möhüm ädimdir.

Wakalaryň jümmüşinde

Garaşsyzlyk meýdançasynda Özbegistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy boldy

Meýdançada belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly düzüldi.Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Türkmenistana hoş geldiňiz

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabyndaky Allamberdar we Astanababa aramgählerine ýudumyzyň çar künjeginden zyýarata gelinýärler

Marstal BEKTASOW,
surata düşüren awtor

Çeşmeleriň habar bermegine görä, bu ýerde 1204-nji ýylda duşman elinden wepat bolan Samanileriň soňky hökümdary Allamberdar diýlip atlandyrylan Al-Muntasiri jaýlanypdyr. Rowaýatlda aýdylyşyna görä, onuň goşuny çöl-beýewanda teşnelige uçransoň edermen serkerdäniň hut özi guýy gözlegine çykypdyr, azaşmazlyk üçinem gijelerine ot ýakmagy tabşyrypdyr. Emma ykbaly keje çekip, suw gözlegine çykan Allamberdar edil duşman goşunynyň üstüne geläýipdir, olar ony öldüripdirler. Ertesi onuň esgerleri serkedäniň jesedini tapyp ony jaýlapdyrlar, soňra-da guburynyň üstüne aramgäh gurupyrlar. Ol depesi gümmezli dörtgyraň jaý bolup, binanyň alyn tarapy dörtburç we hasamlanan bişen kerpiçden gurlupdyr. Burçlarynda sekizgyraň tagçalar ...

Jemgyýet

Daşoguz şäherinde köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene ikisi bina edildi

Batyr ÖRÄÝEW

Baýramçylyk äheňinde geçirilen açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, aksakallardyr ýaşlar gatnaşdylar. Has tapawurlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini garşylaýar

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek liderini resmi adamlar garşyladylar.