Habarlar 7 march 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri täze köprüleriň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Düýn paýtagtymyzda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri üstünlikli geçirilip, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge ymtylýandyklaryny we taýýardyklaryny aýdyňlyk bilen tassyklady.

Wakalaryň jümmüşinde

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: täze köprüler sebit hyzmatdaşlygynyň gerimini giňelder

Döwlet Baştutanlary şeýle hem Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligini açarlar. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy

Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti hemişe halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanan döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Yslam Abduganiýewiçiň uly ornuny nygtady.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsi boýunça herekete badalga berdiler

Açylyş dabarasy derýanyň sag kenarynda geçirilip, bu ýere döwlet Baştutanlary şu gün ulanylmaga tabşyrylan häzirki zaman demir ýol köprüsi bilen geldiler.Demir ýol we awtomobil ýolunyň aralygynda kenarda awtoýol çekildi. Şol ýoldan Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni geçdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini açdylar

Şanly waka mynasybetli dabaralaryň geçýän ýerinde türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary, iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri, gadymy däp-dessurlaryň äheňindäki teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen gurşalyp alnan uly baýramçylyk guraldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçdiler

Ýol ugrunda iki döwletiň Liderleri giň derimli gözýetimde baý milli däpler görkezilip gurnalan türkmen obasy ýaýbaňlandyrylan etnografik çykyşlary synladylar.

Resmi habar

Ysraýylyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi

Ysraýyl Baştutany öz gutlagynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesinde işlemegini dowam etdirmeginiň döwletimiziň ösdürilmegine we raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga ýetmegiň bähbidine Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde halkara giňişliginde ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýandygyny beýan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara bitaraplyk güni hakynda kararnamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylan taryhy waka boldy diýip, Reuwen Riwlin nygtady.

Medeniýet

Türkmenistanyň zenanlary konsertleriň, sergileriň, bäsleşikleriň baş gahrymanlary boldular

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary, meşhur horeografiýa we folklor toparlary, belli estrada aýdymçylary we halk bagşylary, ýaşajyk artistler mährem zenanlaryň hormatyna öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Jemgyýet

Köp çagaly maşgalalara döwlet Baştutanymyz adyndan täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Şu gezekki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen enelerimiziň iki ýüz segsenden gowragy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular.