Habarlar 9 march 2017

Ylym

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara aň-paýhas bäsleşiklerinde üstünlik gazanýarlar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Gulnyýaz Babanyýazow bilen Atajan Tagyýew, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Eziz Atabaýew, Mergen Nunnakow, Aýgül Kössekowa we Taňryberdi Akmyradow dagy altyn medallara eýe boldylar. Olar Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Litwanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Çernogroiýanyň, Moldowanyň we Russiýanyň wekilleri bilen çynlakaý bäsleşip, Saratow şäheriniň “Erudit” Ylym-bilim merkeziniň himiýa dersi boýunça guran „Atom-çylşyrymly bölejik“ atly Ikinji Halkara uzak aralykdaky olimpiýadasynda ýeňiş gazandylar.

Medeniýet

Türkmen Milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konsertlei boldy

Tamara GLAZUNOWA

Baýram Hudaýnazarow, Weli Muhadow, Nury Muhadow ýaly belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda dünýä belli nusgawy eserler--Leonid Çerneýskiniň „Mazurkasy“, Isaak Dunaýaewskiniň şadyýan „Polkasy“, Nikolaý Golikowyň degişme äheňli „Ýumoreskasy“, Aram Haçaturýanyň „Gaýane“ baletinden „Gylyçly tansy“ we beýlekiler ýerine ýetirildi.

Ykdysadýet

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki esasly polipropilen plýonka çykarmaga taýýarlyk görülýär

Wladimir KOMAROW

Propilene garanda polipropileniň artykmaçlyklary kändir. Ol has berkdir, çünki onuň molekulýar düzümi üýtgeşikdir. Ol diňe bir azyk senagtynda däl, eýsem dokma senagatynda-da, bir gezek ulanylýan sanjymlary gaplamakda-da ulanylýar.

Jemgyýet

Durmuş ähmiýetli nobatdaky täze binanyň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ähli zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün edilen köp öýli, oňaýly, 4 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bu möhüm durmuş taslamasynyň ýerine ýetirilmegi milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş ulgamyna gönükdirilen we türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de köpasyrlyk däplerine daýanýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Jemgyýet

Paýtagtymyzda köpgatly awtoduralgalaryň ulgamy döredilýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Häzirki wagta çenli “Berkgurluşyk”, “Guratgurluşyk”, “Medet Emir”, “Galaly göz” we beýleki gurluşyk firmalary tarapyndan 400 orunlyk duralgalaryň ikisi we 240 orunlyk duralgalaryň dördüsi bina edildi. Olar Parahat — 1, 3, 4 iri ýaşaýyş toplumlarynda, Täjir geçelgesinde, B.Kerbabaýew we M.Kösäýew köçeleriniň çatrygynda, Berkararlyk etrabynda ýerleşýär.