Habarlar 10 april 2017

Ykdysadýet

"Türkmenistanyň salgyt ulgamy" žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlaryň häzir hem çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şonuň üçin hem şeýle ýeňil bolmadyk şertlerde biz ak ýürek bilen öndürijilikli işlemelidiris. Häzir biziň esasy wezipämiz ykdysadyýetiň nebit ulgamy bilen bagly bolmadyk pudaklaryny güýçli ösdürmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Maliýe ulgamynyň durnuklylygyny, manadyň maýa goýum işjeňligini, durnuklylygyny hem-de satyn alyş mümkinçiligini üpjün etmek, şeýle hem ätiýaçlyk walýuta gaznalaryny artdyrmak, banklaryň karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmak möhümdir.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Sport

“Şir” topary hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy ýaryşlar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Kiçi toparda final duşuşygynda “Şir” bilen “Oguzhan” öz aralarynda bäsleşdiler. Duşuşykda 5:2 hasabynda “Şir” ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşykda Soltanhamid Wahitow ýeňijileriň düzüminde çykyş edip, garşydaşlarynyň derwezesine dört gezek netijeli urgy geçirdi. Bäşinji goly Isgender Durdyýew geçirmegi başardy. Kümüş medaly eýelän toparyň düzüminde bolsa Röwşen Aşyrow iki gezek tapawutlandy.

Sport

Paýtagtymyzyň topary kabaddi boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Tomusky Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän kabaddi toparlaýyn oýny öz düzgünleri boýunça türkmen milli oýny bolan aýterek-günterek oýnuna çalymdaşdyr. Bu oýnlaryň esasy tapawudy hindi oýnunyň has galtaşykly häsiýete eýe bolup, onda el we aýak bilen urgulary geçirmäge rugsat berilýändiginden ybaratdyr. Şeýle düzgünleriniň bolandygy üçin kabaddi başa-baş göreşlere degişli edilýär.