Habarlar 11 april 2017

Sport

Türkmen küştçileri ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda alty medaly gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üstüne iki kümüş we bir bürünç baýraga mynasyp bolup, Leýla Şöhradowa uly goşant goşdy. Bu üstünligi ol degişlilikde her göçümden soň 30 sekunt goşulmak bilen bir döwe 1,5 sagat “arassa” wagt berilýän nusgawy görnüşde, blis (bäş minut goşmak iki sekunt) we rapide (15 minut goşmak 10 sekunt) görnüşinde gazandy.

Teswirlemeler

Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýy artýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleriniň geçen hepdede ýaýradan habarlarynda bu wekilçilikli foruma aýratyn orun berildi. Oňa Aziýanyň we beýleki sebitleriň esasy sport düzümleriniň öňdebaryjylary, dünýäniň dürli döwletlerinden meşhur türgenler hem-de tälimçiler, belli syýahatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu meselä bagyşlanan makalalaryň we habarlaryň ählisi Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryny mynasyp geçirmäge doly taýýardygyny tassyklady.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Italiýanyň döredijilikli parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredýän hem-de oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Resmi habar

RLDP-niň ýolbaşçysy W.Žirinowskiý mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

“Biziň Türkmenistanda kabul edilişimiz ýaly myhmansöýerlige we hoşniýetlilige dünýäniň başga hiç bir ýurdunda duş gelmek mümkin däl. Siz-hakyky Prezident, öz halky we ýurdunyň ösüşi barada alada edýän hakyky ýolbaşçy!

Resmi habar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bellenildi

Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýew “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Jemgyýet

Talyplar bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň bir aýlygyna işjeň gatnaşýarlar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Çärä bir müňden gowrak adam gatnaşdy, olaryň aglaba bölegi uniwersitetiň Meýletinler merkeziniň agzalarydyr.

Ylym

V Aziada bagyşlanyp talyplaryň arasynda lingwistika bäsleşigi geçirildi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Şu ýyl bäsleşigiň maksatnamasyna täzelik girizildi. Talyplar ozal iňlis we rus dilleri boýunça güýç synanşan bolsalar, indi olar köp dillilik bilim konsepsiýasyna laýyklykda umumy orta bilim berýän we ýokary okuw mekdepleriniň dersleriniň üstüni ýetiren hytaý we ýapon dilleri boýunça-da bäsleşdiler.