Habarlar 12 april 2017

Teswirlemeler

Türkmenistanyň maýa goýum boýunça özüne çekijiligi: köp milliardlyk bilelikdäki taslamalar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň esasy işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasy türkmen bazaryna gelen daşary yurt kompaniýalarynyň ilkinjileriniň biridir. “CNPC” 2007-nji ýyldan bäri “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän ýataklary gözlemek, abatlamak we işläp taýýarlamak işlerini alyp barýar. Ol Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň serişde binýady bolup hyzmat edýär.

Jemgyýet

Golf-kluby we dynç alyş zolagy Aşgabadyň dynç alyş düzüminiň hataryna goşular

Wladimir KOMAROW

Seýilgäh zolagy Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolundan Tähran köçesine çenli aralygy tutar. Aşgabady ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda Bekrewe köçesine çenli gurulýan täze gara ýol bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryna barmagy ýeňilleşdirer. Mundan başga-da, ol Görogly köçesiniň ýüküni ýeňleder.

Ykdysadýet

TOPH gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik bölegini abadanlaşdyrmagyň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak işleri tamamlanyp barýar

Wladimir KOMAROW

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde müdirligiň hünärmenleri geljekki gazgeçiriji ulgamyň 73 kilometrlik böleginiň taslama resminamalaryny taýýarladylar. Şu ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanyň içinden geçýän gaz geçirijiniň 214 kilometr bölegindäki işleriň ähli görnüşleriniň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Hünärmenler geljekki binalaryň düzümindäki gaz geçirijileriň, suw, elektrik ulgamlarynyň, ýollaryň we beýleki ýerüsti kömekçi bölekleriň gurluşygynyň taslamalaryny taýýarlaýarlar.

Jemgyýet

Aleksandr Blohin: biz bilelikdäki tagallalar bilen russiýa-türkmen hyzmatdaşlygyna täze itergi berip bileris

Aleksandr BLOHIN,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi

Biz ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda kemala gelen taryhy, doganlyk gatnaşyklara sarpa goýýarys. Biz ählumumy we sebit boýunça esasy meselelerde Russiýanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny, daşary syýasat ulgamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga isleglerimiziň umumylygyny kanagatlanma bilen belleýäris.

Ylym

Daşoguz welaýatynyň suwly-batgalyk ýerlerinde guşlaryň höwürtgeleme möwsümi başlandy

Batyr ÖRÄÝEW

Sarygamyş, Aýböwür, Zeňňibaba we beýleki kölleriň ösümlik hem-de balyk baýlyklary suwda ýüzýän guşlaryň ençeme çörnüşiniň bu ýerlere hemişelik we wagtlaýyn uçup gelmegine sebäp bolýar, olaryň arasynda tüňňele, ördek, çuluk, jübtün we guw ýaly guşlar bar. Bu ýerlerde wagşy guşlar-da gabat gelýär. Guşlaryň köp toplanýan ýerlerinde tebigaty goramak çäreleriniň işjeňleşdirilmegi we olaryň howpsuz ýaşaýşy üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň guşlaryň köp ýygnanýan ýerine öwrüilmegine ýardam etdi, olaryň bir bölegi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.