Habarlar 14 april 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18 — 19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mejlisde döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz öňde boljak ýokary derejedäki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köptaraply mümkinçiliginiň ösdürilmegine we hyzmatdaşlygyň täze möhüm ugurlaryna çykylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Jemgyýet

Jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

*** Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Jemgyýet

Paýtagtmyzyň gurluşygynyň 15-nji tapgyry özboluşly binagärlik çözgütleri we infrastruktura taýdan bütewiligi bilen tapawutlanýar

Wladimir KOMAROW

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan gurluşyk firmalary ýokary amatlykly jaýlaryň täze tapgyrynyň gurluşygyny alyp barýar. Häzirki wagtda şahsy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri kottej şäherçesini gurmaga iri iş tabşyryjylar we paýçylar bolup, uly möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Bu ýerde býujet serişdelerini çekmezden özboluşly dizaýnerlik çözgütleri we oňaýlylygy bilen tapawutlanýan döwrebap ýaşaýyş toplumy döredildi.