Habarlar 16 april 2017

Sport

Iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Milli ýaryş öňde boljak dünýä çempionatyna gatnaşjaklary kesgitledi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu ýaryşda diňe birinji we ikinji orunlar dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk berýär. Şonuň üçin hem baýraklar ugrunda göreş örän çekeleşikli we dartgynly ýagdaýda geçdi. Zenanlaryň arasynda altyn medala halkara grossmeýsteri, häzirki wagtda dünýäniň absolýut çempiony Amangül Durdyýewa mynasyp boldy. Ýaryşyň eýeleriniň toparyna wekilçilik edýän şaşkaçy zenan mümkin bolan 44 utukdan 44 utuk toplap, aňrybaş netijäni görkezmegi başardy.

Sport

Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda Aleksandr Lebzýak boks boýunça görkezme türgenleşigini geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Göreş, guşakly göreş, sambo we jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatlary geçirilen giň zalda paýtagtymyzyň dürli merkezleriniň türgenleri, şeýle hem Sport baradaky döwlet komitetiniň we Milli boks federasiýasynyň wekilleri ýygnandylar.

Jemgyýet

Paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumlarynda jaýlary, durmuş we ulag düzümleriniň desgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär

Wladimir KOMAROW

Soňky döwürlerde köne jaýlaryň ornunda täze döwrebap şäher binalary emele geldi. Häzirki Aşgabat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabady dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwürmek barada başlangyçlarynyň durmuşa geçýändiginiň aýdyň güwänamasy bolup durýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasy we täze binalary gurmagyň baş meýilnamasy batly depginler bilen amala aşyrylýar.