Habarlar 18 april 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen – gazak gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama bilen berkidildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Baştutanynyň Gazagystana bu nobatdaky sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar. Mizemez dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklary, iki goňşy ýurduň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk ruhy we medeni umumylyk şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berildi. Iki döwletiň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilen iri düzümleýin taslamalarda beýanyny tapdy. Şol taslamalar bolsa özara bähbitlere hem-de sebit möçberinde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dostyk” ordenine mynasyp boldy

Dabaraly kabul edişligiň barşynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy üpjün etmek işine, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni bilen sylaglamak barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH ) bilen «Kazinform» MHA-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi

Surat «Kazinform» HHA-nyň saýtyndan alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH ) bilen „Kazinform“ halkara habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama şolaryň biridir.Resminama gol çekmek dabarasy ýurt boýunça iň kän habarçylary bolan we habarlary bäş dilde-gazak, rus, iňlis, arap, hytaý dillerinde ýaýradýan Gazagystanyň iň iri habarlar gullugynyň-„Kazinformyň“ edarasynda boldy. „Kazinformyň“ internet habarlaryndan günde 80 müň adam peýdalanýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Prezidentlen Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylan we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenen gepleşikleriň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen duşuşygyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna çagyrdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde milli Liderimiz sport boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigini, türkmen we gazak türgenleriniň iki ýurtda guralýan ýaryşlara yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary–sebitleýin ösüşiň möhüm görkezijisi

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demitr ýoluň gurluşygyny onuň aýdyň netijeleriniň biri hökmünde görkezdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we gazak işewürliginiň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldaýar

Prezident Nursultan Nazarbaýew bilen bolan gepleşikleriň dowamynda milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzda iri taslamalary amala aşyrýandygyny we Gazagystanyň kompaniýalarynyň hem şol taslamalara gatnaşygyny türkmen tarapynyň oňlajakdygyny belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Energetika ulgamy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar

Milli Liderimiz 2009-njy ýylda gurlan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini mysal hökmünde görkezdi. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişligindäki energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde has-da ähmiýetlidir. Hususan-da, ol Gazagystan üçin gazak gazyny Hytaýa ibermekde, öz çäginden energiýa göterijileri üstaşyr geçirip, girdeji gazanmakda täze mümkinçilikleri döredýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan Ownganystandaky ýagdaýyň syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady

Milli Liderimiz Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen boldan gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik guralyň döredilmelidigini aýtdy.

Resmi habar

Ekologiýa meselesi türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi

Milli Liderimiz döwletleriň ikisiniň hem Aralýaka ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge çalyşýandyklaryny belledi.

Resmi habar

Türkmenistan we Gazagystan ýaragsyzlanmak babatda bilelikde iş alyp bararlar

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurtlaryň ikisi hem Merkezi Aziýada ýdro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjy bolup durýarlar we BMG_niň hem-de ÝHHG-niň çäklerinde bu ulgamda anyk işleri durmuşa geçirmekde bilelikde iş alyp bararlar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti: Hazar - hoşniýetli goňçylygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Özüniň gazagyçtanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýew bilen geçiren gepleşikleriniň doamynda milli Liderimiz Türkmenistanyň we Gazagystanyň Hazar deňzi boýunça goňşy bolup durýandygyny we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň6 Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalalşygyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmekde möhüm şert bolup durýandygyny aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan we Gazagystan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýşa eýedir

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde çykyş etmek bilen, milli Liderimiz türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we geljekki ugurlary babatda bolşy ýaly, sebitara we halkara ösüşiniň meýillerinde hem doly düşünişmek esaslaryna daýanýandygyny belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

«Akorda» köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri başlandy

Gazagystanyň we Türkmenistanyň Baştutanlary iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Hormat garawulynyň başlygynyň hasabatyny kabul edip, Gazagystanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Soňra döwlet Baştutanlary Hormat garawulyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Astana geldi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Gazagystanyň Prezidenti Eursultan Nazarbpaýew bilen gepleşikleriň geçiriljek ýeri bolan “Akorda” köşgüne tarap ugrady.

Ylym

Aşgabatly okuwçylar hytaý we ýapon dillerini gowy bilýändiklerini görkezdiler

Wiktoriýa NOWIKOWA

89-njy mekdepde gurnalan dil bäsleşigi üç ugurda geçirilip, ol çagalara islegli bu gündogar dillerini öwrenmekde köp ugurly zehinini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.