Habarlar 20 april 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlap, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmalydygyna ünsi çekdi.

Medeniýet

Aşgabatda ahalteke belewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşigine medeniýetiň dürli ulgamlarynyň wekilleriniň köpüsi gatnaşýar. Behişdi bedewler bu serginiň esasy gahrymanlarydyr. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, neşirýat işiniň hünärmenleri, fotosuratçylar, teležurnalistler we beýlekiler bar. Tejribäniň görkezişi ýaly, ganatly bedewleriň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça bäsleşik sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň işjeňligini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Sergi zalynda guralan sergide dürli žanrdaky işleriň ýüzlerçesi ýaýbaňlandyryldy. “Bedewleriň patyşalygynyň” özboluşly çeperçilik beýany bu ýere gelýänlerde ýatdan çykmajak täsirleri ...

Hyzmatdaşlyk

Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Duşuşygyň gün tertibine käbir ugurlar boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri girizildi.

Resmi habar

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hindi kärdeşi Pranab Mukerji gutlady

Köpugurly hindi-türkmen gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini kanagatlanma bilen bellemek hem-de dürli ulgamlarda gazanylan bilelikdäki üstünliklere ýokary baha bermek bilen, biz özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ymtylýarys.

Jemgyýet

ÝeHHG-nyň Merkezi žurnalistler we döwlet işgärleri üçin okuw gurnady

Ýelena DOLGOWA

ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň belleýşi ýaly,Türkmenistanyň Hökümeti ýurduň içinde we daşynda habarlary ýaýratmak serişdelerine, şeýle hem döwlet häkimiýeti edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň has ysnyşykly özara hereketine uly üns berýär. Merkez köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň durmuş we jemgyýetçilik ähmiýetli milli maksatnamalary beýan etmek işini işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Häzirki okuw metbugat –maslahatlaryny we köp taraplaýyn duşuşyklary geçirmegi kämilleşdirmäge, jemgyýetçilge habarlar elýeterligini amatlaşdyrmaga gönükdirilendir.