Habarlar 3 april 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň ilkinji çärýegindäki işleriniň netijeleri jemlenildi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen jogapkärli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynda bolan partlama zerarly gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Sport

Ýaş türkmen küştçimiz Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Ýaryşa 18 ýurtdan bu gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan 400-e golaý türgen gatnaşýar. L.Şöhradowanyň çykyş eden toparynda Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 30-dan gowrak küştçi baýrak ugrunda bäsleşdi. “Rapid” görnüşinde bir döwe 15 minut “arassa” wagt berilýär, her göçülen göçümden soňra wagta 10 sekunt goşulýar.

Medeniýet

Arheologlar we dikeldijiler gadymy Paryzdepe şäherinde rejeleýiş işlerini geçirýärler

Bu ýerde gadymy siwilizasiýanyň bolandygynyň subutnamalary saklanylýar, şol döwürlerde şäher we ekerançylyk medeniýeti, suw desgalarynyň gurluşygy, şol sanda täsin gidrotehniki ulgamlar-kärizleri gazmak sungaty ösüşe eýe bolupdyr, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde çekilen bolmagy hem mümkindir.

Jemgyýet

«Türkmenhowaýollary» Gullugynyň uçarmanlar düzümi paýtagtymyzyň täze aeroport toplumynyň trenažor merkezinde hünärini ýokarlandyrýar

Wladimir KOMAROW,
surata düşüren awtor

Bu uçuş NG tapgyrdan «Boing-737» uçarynyň uçarmanlar trenažorynda howa gämisiniň baştutany Azat Nepesow bilen ikinji uçarman Serdar Baýramgeldiýewden ybarat ekipaž tarapyndan hakyky uçuşa meňzeş türgenleşik hökmünde geçdi.Olar «Türkmenhowaýollary» Gullugynda golaýda açylan trenažor merkezinde türkmen uçarmanlaryndan ilkinji bolup hakyky ýagdaýa golaý şertlerde türgenleşik geçdiler.