Habarlar 4 april 2017

Medeniýet

Gratografiýa usulynda işleýän nakgaş Alymjan Işangulyýew täze eserini V Aziada bagyşlady

Marstal BEKTASOW,
surata düşüren awtor

Suratyň ýordumynda taryh, medeniýet, däp-dessurlar we iri sport çäresiniň geçirilmegine garaşýanýurduň häzirki güni sazlaşykly utgaşýar. Eserde taryhy gadymyýetden gaýdýan, özboluşly Türkmenistanyň keşbi çeper beýan edilipdir.

Ylym

Türkmen alymlary ösümlikleriň geobotanika kartasynyň üstüni doldurmak babatda iş alyp barýarlar

Ýelena DOLGOWA,
surata düşüren Pirli KEPBANOW

Alymlar Maldarçylyk we weterinariýa instituty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň beýleki ylmy-barlag institutlary bilen jebis hyzmatdaşlykda işleýärler. Indi birnäçe ýyl bäri TYA-nyň ösümlikleriň geobotaniki kartasyny düzmek üçin innowasion usullardan peýdalanýan Tehnologiýalar merkeziniň geografiki maglumatlar ulgamynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Medeniýet

Döwlet muzeýinde ýerleri emeli usulda suwaryş medeniýetine bagyşanan sergi açyldy

Enejan ALTYÝEWA,
Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri

“Tebigat we ülkäni öwreniş” bölüminde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselesi beýan edilipdri, bu ýerde Pamir-Alaý dag ulgamlarynda dörän ýurdumyzyň serherüsti akýan iri derýalary bolan Amyderýa, Murgap we beýleki derýalaryň, şeýle hem Köpetdagyň demirgazyk eňňidinden akýan çeşmeleriň gidrogeografiýa ulgamy bilen tanyşsa bolýar. Kartada emeli Garagum derýasynyň kanallarydyr kollektorlary, hanasy şekillendirilipdir. “Altyn asyr” kölüniň kollektor-zeýkeşler ulgamy-da indi ýurduň suw-hojalyk toplumynyň düzümine girýär. Türkmenistanda ýerasty, şol sanda ýerasty süýji suwlaryň-da ägirt uly gorlary bar. Mysal üçin, geçen asyryň ortasynda Garagumyň Uzboýýaka çägelerinň astynda 40 metr çuňlukda Ýasha köli ...