Habarlar 5 april 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mejlise gatnaşmak üçin Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli wezipeleri kesgitledi

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önüm 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanýar. Geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri artdy. Şu döwürde zähmet haklary 9,1 göterim ýokarlandy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Serbiýanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we dostlukly ýurduň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünliklere ýetmek baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky çözgüdi hökümetiň şu ýylyň birinji çärýegine bagyşlanylyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kabul etdi. Ý. Kakaýewiň tejribesini “Galkynyş” käninden beýleki ugurlar boýunça gaz geçirijileriniň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak ugrundaky işlerde peýdalanmak kararyna gelnendigi habar berildi.

Resmi habar

Türkmenistanda himiýa senagaty işgärleriniň güni döredildi

Merkezi Aziýa sebitinde Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça iň iri kombinat bolan ägirt uly senagat desgasynyň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdylar.

Ylym

Ýaşlaryň innowasion ylmy taslamalarynyň bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Gara ŞYHLYÝEW

Ylmy iş alyp barýan ýaşlaryň bäsleşigine ýer eýelerinden başga-da Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Oba hojalyk uniwersitetiniň, Energetika, Binagärlik we gurluşyk, Maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Lebap welaýat merkeziniň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň taslamalary-da talyplaryň işlerine bäsdeş bolmagy başardy.

Aziada 2017

Türkmen welosiped sürüjileri şu ýylyň esasy ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler

Aleksandr KRAWSOW,
surat düşüren awtor we Ýu. ŞKURIN

Geçen ýylyň ahyrynda Olimpiýa şäherçesinde geçirilen saýlama ýaryşlar boýunça milli ýygyndynyň deslapky düzümi beli edildi.

Aziada 2017

Awazada Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara sport kongresi geçiriler

Geçiriljek forum dünýäniň sport jemgyýetçiligini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi bilen giňden tanyşdyrmaga, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.